Hytaýyň BYD awtoöndürijisi Tailandda täze zawod açdy. Şeýle hem kompaniýanyň täze energiýa çeşmesi bilen işleýän 8 millionynjy awtomobili konweýerden çykyp, “Tesla”-nyň yzyndan ýetdi. 16 aýda gurlan täze zawod ASEAN ýurtlaryna we beýleki sebitlere eksport üçin önümçilik bazasy bolar. Elektromobil satuwynda dünýäde öňdebaryjylaryň üçlügine girýän BYD Günorta-Gündogar Aziýada ynamly ösüşi görkezýär. Ýurduň elektromobil bazarynda kompaniýanyň paýy 41%-e ýetdi. Zawodda BYD-nyň zarýad berip bolýan gibrid modelleri öndürilýär. Bu bolsa geljekde kompaniýa bazardaky öňdebaryjylygyny berkitmäge kömek eder.
Aprel-iýun aýlarynda BYD 426 müňden gowak elektromobil ýerläpdir. Bu bolsa “Tesla”-nyň degişli döwürdäki üpjünçiliginden bary-ýogy 12 müň awtomobil azdyr. Ýakyn geljekde BYD-nyň dünýäniň iň öňdebaryjy elektroulag öndürijisi bolmagyna garaşylýar.
Mährem BABAMYRADOWA, TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.