Ýew­ro­pa kos­mos agent­li­gi (ESA) ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­la­nan «Aria­ne 6» ra­ke­ta­sy uçu­ryl­dy. Fran­suz Gwi­ne­ýa­syn­dan uçu­ry­lan gö­te­ri­ji ra­ke­ta bi­len üç sa­ny eme­li hem­ra top­lu­my kos­mo­sa ibe­ril­di. Tas­la­ma­nyň umu­my ba­ha­sy 4 mil­liard ýew­ro bo­lup, ýy­lyň ahy­ry­na çen­li ýe­ne bir ra­ke­ta­nyň uçu­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Fran­si­ýa­nyň CNES kos­mos agent­li­gi­niň ýol­baş­çy­sy Fi­lip Bap­tis­te bu wa­ka «Ýew­ro­pa kos­mo­sa do­lan­dy» di­ýen söz­ler bi­len ba­ha ber­di.
Gö­te­ri­ji ra­ke­ta­ «Air­bus AIR.PA» we «Saf­ran SAF.PA» kom­pa­ni­ýa­la­ry ta­ra­pyn­dan bi­le­lik­de dö­re­di­len «Aria­neG­ro­up» ta­ra­pyn­dan iş­le­nip taý­ýar­lan­dy. Il­ki­baş­da ra­ke­ta­nyň 2020-nji ýyl­da uçu­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar­dy. Mun­dan ozal­ky «Aria­ne 5» ra­ke­ta­sy bir ýyl­dan gow­rak wagt ozal ula­nyş­dan gal­dy­ryl­dy.
2010-njy ýyl­dan soň kos­mos pu­da­gyn­da hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­ryň peý­da bol­ma­gy bi­len kos­mo­sa eme­li hem­ra­la­ry, ýük we adam ug­rat­mak ep-es­li de­re­je­de ar­zan­la­dy. Bu bol­sa bäs­deş­li­gi örän ýi­ti­leş­dir­di. Ne­ti­je­de, döw­le­te de­giş­li kos­mos agent­lik­le­ri hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­la­r bi­len has ýi­ti bäs­deş­li­ge gir­me­li bol­du­lar. Ýew­ro­pa döw­let­le­ri eme­li hem­ra­la­ry­ny bu ugur­da öň­de­ba­ry­jy ha­sap­lan­ýan «SpaceX» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Falcon 9» ra­ke­ta­sy bi­len kos­mo­sa uçur­ma­ly bol­dy. Bu kom­pa­ni­ýa ge­çen ýyl 96 ra­ke­ta uçur­dy. Şu ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri bol­sa, 70-e go­laý ra­ke­ta kos­mo­sa uçu­ryl­dy. Em­ma ola­ryň kö­pü­si kom­pa­ni­ýa­nyň özü­ne de­giş­li bo­lan «Star­link» eme­li hem­ra­la­ry­dyr. Hä­zir­ki wagt­da öz­baş­dak kos­mos be­ke­di­ni gur­ýan we kos­mo­sy öz­leş­dir­ýän Hy­taý bol­sa, ge­çen ýyl je­mi 67 uçuşy ama­la aşy­ryp­dyr.
Ýew­ro­pa Kos­mos agent­li­gi­ne 22 döw­let ag­za bo­lup, «Aria­ne 6»-dan gel­jek­de her ýyl­da 12 sa­ny­sy uçu­ry­lar. ESA has ki­çi ra­ke­ta tas­la­ma­la­ry­ny hem dur­mu­şa ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.