1853-nji ýylyň 14-nji iýulynda ABŞ-nyň ilkinji Dünýä ýarmarkasy açyldy. Nýu-York şäherindäki Braýant Park seýilgähinde ýaýbaňlandyrylan çäre Ähli halklaryň senagat sergisi diýlip atlandyryldy. Bu gözden geçiriş 1851-nji ýylda Londonda geçirilen serginiň netijeli bolmagy bilen baglydyr. Serginiň esasy maksady täze döwrüň ösen senagat enjamlaryny tanyşdyrmakdan we täze dörän döwletleriň milletçilik buýsanjyny dabaralandyrmakdan ybarat boldy. Sergi Kristal köşgüň golaýynda geçirilip, bu ýere gelen myhmanlar şäheriň iň beýik binalarynyň biri bolan, 96 metrlik, agaçdan gurlan Latting obserwatoriýasy we şäheriň beýleki owadan ýerlerini görmäge mümkinçilik aldylar. Noýabryň 14-ne çenli dowam eden sergä 1,1 milliondan gowrak myhman baryp görüpdir.
Sergi komitetine şäheriň meri Ýakob Aaron Westerweld ýolbaşçylyk etdi.