ABŞ-da geçirilýän 48-nji Kopa Amerika çempionatynyň finaly ertir, has takygy, daňdan 05:00-da oýnalar. Duşuşyk Florida ştatynyň Maýami Gardens şäherindäki “Hard Rock Stadium”-da geçiriler.

Duşuşyga braziliýaly Rafael Klaus eminlik eder.

Argentina bilen Kolumbiýanyň ýygyndysy mundan öň 40 gezek duşuşyp, argentinler 20, kolumbiýalylar 9 oýunda ýeňiş gazandy (11 deňlik). Argentinler 71, kolumbiýalylar 39 gol geçirdi.

Kopa Amerikanyň çäginde 15 gezek gabatlaşan toparlaryň şol duşuşyklarynda Argentina 7, Kolumbiýa 3 gezek ýeňiş gazanyp, 5 oýun deňlikde gutardy (39-17 gol).

Häzirki wagtda Kolumbiýanyň ýygyndysy 28 oýundan bäri ýeňilmän gelýär. Olary soňky sapar ýeňen topar Argentina bolup, 2022-nji fewralyndaky şol oýunda kolumbiýalylar 1-0 hasabynda utulypdy.

Duşuşyk Älem hem-de IPTV platformalarynda bar bolan TV 8,5 hem-de Varzish teleýaýlymlary arkaly göni efirde berler.

Messimi ýa-da Rodrigesmi?!

Bu duşuşyk Lionel Messiniň Kopa Amerika ýaryşlaryndaky iň soňky duşuşygy bolar. Mundan soň Kopa Amerika gatnaşmajakdygyny aýdan Lionel Messiniň milli topar karýerasyna ýene bir kubok goşup-goşmajakdygy köpleri içgin gyzyklandyrýar.

Beýleki bir tarapda-da bäsleşigiň finalyna çenli 5 oýnuň 4-sinde duşuşygyň ýyldyzy saýlanan, 1 gol geçirip, 6 goluň pasyny beren we çempionatyň Altyn top baýragyny gazanmaga aňyrýany bilen mynasyp Hames Rodrigesiň hem-de ýoldaşlarynyň 23 ýyldan soň taryhlaryndaky 2-nji çempionlygyna ýetip-ýetmejekdigi köpleriň üns merkezinde bolar.