1983-nji ýylyň 15-nji iýulynda Ýaponiýanyň “Nintendo” kompaniýasy öýde oýnamaga niýetlenen 8 bitlik “The Nintendo Entertainment System” (NES) wideooýun konsolyny öndürip başlady. Bu enjam “maşgala kompýuteri” (Family Computer/Famicom) hökmünde tanyşdyryldy. Güýmenje enjamy 1985-nji ýylda Amerikan bazarynda täzelenen dizaýn bilen synag maksatly satuwa çykaryldy. 1980-nji ýyllarda NES” Awstraliýa, Aziýa, Ýewropa ýurtlarynda dürli atlar bilen müşderilere ýetirildi. 1985-nji ýylda “Super Mario” oýnunyň bu enjamlar üçin niýetlenen nusgasynyň peýda bolmagy şeýle oýunlara bolan gyzyklanma has-da artdy.