Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak bileleşigi (IUCN) janly-jandarlaryň 4 müň görnüşiniň howp astyndadygyny belleýär. Başgaça aýdylanda, tebigy şertleriň üýtgedilmegi, klimatyň üýtgemegi we senagatyň ösmegi janly-jandarlaryň birnäçe görnüşiniň ýitip gitmek howpuna sebäp bolýar. Ilatyň çalt köpelmegi we ýaşaýyş ýerleriniň giňemegi hem ýabany haýwanlaryň öýlerini taşlap gitmegine sebäp bolýar. Geliň, Ýer ýüzünden ýitip gitmek howpy abanýan käbir jandarlar bilen tanyş bolalyň!
Tapanuli orangutan. Adamsypat maýmynlaryň toparyna degişli bolan tapanuli orangutan 2017-nji ýylda ýitip gitmek howpy abanýan jandar hökmünde hasaba alyndy. Dünýäniň diňe bir ýerinde – Indoneziýanyň Sumatra adasyndaky tropik tokaýlarda duş gelýän bu maýmynlaryň sany 800-den geçmeýär. Gyzylymtyl-goňur sütükli bu maýmynlar miwe, gurçuk we agaçlaryň täze baldaklary bilen iýmitlenýärler.
Amur gaplaňy. Russiýanyň uzak gündogarynda we Hytaýyň demirgazyk-gündogarynda ýaşaýan amur gaplaňy dünýäde seýrek duş gelýän ýyrtyjylaryň biridir. Pişikler maşgalasyna degişli amur gaplaňynyň sany 100-den geçmeýär. 1996-njy ýyldan bäri sany azalýan bu ýyrtyjylar tokaýlaryň çapylmagy, başga ýyrtyjylaryň köpelmegi we ýollaryň çekilmegi ýaly howplara duçar bolýarlar.
Ýanszy delfini. Dünýäde süýji suwda ýaşaýan ýeke-täk delfin bolan bu jandarlar 2021-nji ýylda goralýan jandarlaryň sanawyna girizildi. Hytaýyň Ýanszy derýasynda ýaşaýan bu delfinleriň sany 1000-den geçmeýär. «Derýa delfinleri» hem diýilýän uzyn burunly jandarlar ownuk suw jandarlary bilen iýmitlenýärler.
Afrika pili. Afrikanyň «utanjaň jandarlarynyň» sany soňky ýyllarda ep-esli azalypdyr. Gabon we Kongo ýaly ýurtlardaky tokaýlarda ýaşaýan bu piller gurakçylykdan we suw ýetmezçiliginden ejir çekýärler. Afrika pilleriniň agramy 7 tonna, boýy bolsa 4 metre çenli ýetýär. Äpet süýdemdirijileriň esasy iýmiti agaçlaryň ýapragy, gabygy bolup, dürli otlardyr gök önümleri hem iýýärler.
Sunda gaplaňy. Agramy 140 kilograma çenli bolýan sunda gaplaňy dünýädäki iň kiçi gaplaň hasaplanýar. Diňe Indoneziýanyň Sumatra adasynda duş gelýän kiçijik gaplaňlaryň sany 600-den geçmeýär. Öňler Ýawa, Bali adalarynda hem duş gelýän bu gaplaňlar häzirki wagtda 2 adada – Sunda we Sumatrada ýaşaýar. Kiçijik gaplaňlaryň sanynyň azalmagyna, esasan, ilatyň köpelmegi sebäp bolýar.
Bissa (deňiz pyşbagasy). Bissa deňiz pyşbagalarynyň 7 görnüşiniň biri bolup, Atlantik, Hindi we Ýuwaş ummanlarynyň tropik suwlarynda duş gelýär. Soňky 30 ýylda balykçylaryň köpelmegi bilen deňiz pyşbagasynyň höwürtgesine we merjen gaýalaryna düýpli zyýan ýetýär. Şeýlelik bilen, bu jandarlaryň köpelmegi üçin zerur bolan tebigy şertler azalýar. Häzirki wagtda goralýan deňiz pyşbagasynyň sany 20 müňden geçmeýär.
Ýawa kerki. Günorta-Gündogar Aziýada ýaşaýan Ýawa kerkleri tebigatyň üýtgemegi we gurakçylyk sebäpli ep-esli azaldy. Häzirki wagtda, takmynan, 75 sany ýeke şahly süýdemdirijiniň bardygy çaklanylýar. Diňe Indoneziýanyň Ýawa adasynda duş gelýän äpet süýdemdirijiler «Ujung Kulon» milli seýilgähinde saklanýar. Miwedir ýapraklar, agaçlaryň baldagy bilen iýmitlenýän Ýawa kerkleri öri meýdanlaryň ýetmezçiliginden ejir çekýärler.