Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
Amaly geologiýa dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: nebitgaz işi).
Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy). Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş synagynyň netijesi boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başgada, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
pasportyny; harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogap kärçilik çekýär.
Giriş synagy we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 3 — 18-nji awgusty aralygynda bellenilen möhletlerde geçiril ýär.
Giriş synagy:
taýýarlygyň nebit gaz işi ugry boýunça amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda; taýýarlygyň uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy ugry boýunça himiýa tehnologiýalary boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda döwlet dilinde geçirilýär.
Bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Giriş synagynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyl dan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalan ýarlar.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, tel.: 391374, 391370.