Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti 2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
I. Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugry: bilimi dolandyrmak).
II. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: işewürlik dolandyryş).
Okuwlar iňlis dilinde geçilýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýet nama;
3×4 sm ölçegdäki sekiz sany foto surat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmegiň maksadynyň beýany «Statement of Purpose» (beýan iňlis dilinde ýazylmaly we 500 sözden köp bolmaly däl).
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkez ýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: pasportyny;
harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 19-20-nji awgustynda geçirilýär. Söhbetdeşlik saýlanan ugur boýunça iňlis dilinde geçiriler.
Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär. Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
magistr maksatnamasy boýunça okuwa girmegiň maksadynyň beýanyndan ýokary baha alanlar;
saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar.
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy:
Aşgabat ş., 1958 nji (Andalyp) köçe, 169, tel.: 398562, 398525.