Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instituty 2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:
Bilim we pedagogika (mugallymçylyk) ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti (iňlis dili); psihologiýa pedagogika bilimi).
Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Instituta ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýatlary giriş söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly araly gynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşul ýar);
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resmi namalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
pasportyny; harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Söhbetdeşlik we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 15 — 17-nji awgusty aralygynda geçirilýär.
Söhbetdeşlik: taýýarlygyň «Daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýeti (iňlis dili)» ugry boýunça iňlis dili dersinden ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda iňlis dilinde; taýýarlygyň «Psihologiýa pedagogika bilimi» ugry boýunça häzirki zaman türkmen jemgyýeti dersinden ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda türkmen dilinde geçirilýär.
Bellenilen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.
Söhbetdeşligiň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş döwri bolanlar peýdalanýarlar.
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň salgysy:
Aşgabat ş., Aba Annaýew köçesi, 47, tel.: 346717.
Esasy Bildirişler Dalaşgär – 2024/magistr: Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instituty