Berkarar döwleti täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli sungatymyzy ösdürmekde we ony dünýä derejesine çykarmakda sungat işgärleriniň öňünde uly-uly wezipeler durýar. Çüňki dünýä ýurtlarynyň taryhyny, medeniýetini we sungatyny öwrenmek wajyp meseleleriň biridir. Dürli döwürleriň jemgyýetçilik, syýasy, medeni durmuşynda bolup geçen möhüm wakalaryň beýany suratkeşlerimiziň halkymyza miras galdyran kämil sungatynyň üsti bilen biziň döwrümize gelip ýetýär.
XVIII asyr – rus sungaty üçin täze ýagty we öwüşginli döwür hökmünde taryha girdi. XVIII asyryň rus sungatynyň taryhynda iň möhüm wakalaryň biri Sankt-Peterburgda Imperator adyndaky çeperçilik akademiýasynyň döredilmegi boldy. Rus akademiýasy 1757-nji ýylda esaslandyryldy we tiz wagtdan dünýäniň iň gowy mekdepleriniň birine öwrüldi. Bu döwürde sungatda täze žanrlar emele gelýär: taryhy, peýzaž, gündelik, natýurmort. “Taryhy žanr” düşünjesi şol döwürde has giňeýär we uly meşhurlyga eýe bolýar. Şol döwrüň suratkeşleri köplenç öz döredijiliklerinde tomaşaçyny geň galdyrmak üçin täze çeperçilik usullary ulanypdyrlar.
Bu döwrüň iň beýik suratkeşleri Anton Losenko (1737–1773), Fýodor Rokotow (1730–1808) we Dmitriý Lewitskiý (1735–1822) bolupdyr. Olaryň işlerinde rus sungaty uly ösüş derejesine ýetip, Günbatar we Gündogar ýurtlarynyň nakgaşçylygynda möhüm orny eýeledi. Bu ady agzalan suratkeşleriň işleri dünýä muzeýlerine ýaýrady. Muňa mysal edip F. Rokotowyň we D. Lewitskiýniň käbir işleri Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýerleşýär.
Rus nakgaşçysy, klassisizmiň wekili, rus nakgaş taryhyny esaslandyryjy, birnäçe portretleri we taslamalary döreden – Anton Losenkodyr. Suratkeşiň işlerinde akademiki çyzgy ýörelgeleri Russiýa imperiýasynyň Imperator adyndaky çeperçilik akademiýasynyň birnäçe onýyllyklaryň dowamynda berjaý eden berk we doly ulgam häsiýetine eýe boldy. Reňkleriň sazlaşygyny örän ussatlyk bilen berip bilýän Anton Losenkonyň rus nakgaşçylygynyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy.
Öz wagtynda Russiýa imperiýasynda köp suratkeş akademiki derejäni ýa-da baýragy gazanmak üçin maksatnama hökmünde rus döwletiniň taryhyndan alnan ýordum esasynda eser döretmeli bolupdyrlar. Şeýle eserleriň arasynda ýokary meşhurlyga eýe bolanlaryň biri-de Anton Losenkonyň 1770-nji ýylda döreden “Wladimir we Rogneda” atly eseridir. Suratkeş bu işi bilen Imperator adyndaky çeperçilik akademiýasynda çykyş edipdir. Eser döwürdeşleriniň arasynda uly üstünlik gazanypdyr.
“Wladimir we Rogneda” atly eseri doly derejede ýordumly eserdir. Suratkeş öz eserini döredende meşhur taryhçy Mihail Lomonosowyň (1711–1765) ýazgylaryndan we şol sanda ýyl ýazyjy Nestoryň (1056–1114) “Geçen ýyllar atly hekaýaty” atly ýyl ýazgysyndan peýdalanyp ylham alýar. Ýordumy boýunça bu eserde Nowgorodyň knýazi Wladimiriň knýaz gyz Rognedany “nikalaşmaga” çagyrýan pursady görkezilýär. Losenkonyň pikirine görä, bu Wladimiriň we Rognedanyň ilkinji duşuşygy.
Söýgi temasy A. Losenkonyň eserinde esasy maksat däl, ýöne şonda-da ol onuň döredijiliginde uly orny eýeleýär. Şol ýyllaryň edebiýatynda adamyň duýgularynyň güýji, söýgä wepalylygy hakda köp wasp edýärler:
“Hemmesi: paýhas, hasa, uly güýç,
Söýgimi girewe hökman bererdim.
Şan-şöhradym saňa bagyş ederdim,
Aýaklaň astynda gurban bolardym.
Bu goşgy setirleri öz wagtynda belli rus şahyry Gawriil Deržawin (1743–1816) tarapyndan ýazylypdyr. Şahyryň aýdanlary hem, mazmun taýdan Losenkonyň gahrymanlarynyň häsiýetine örän ýakyn.
A. Losenkonyň “Wladimir we Rogneda” eseri taryhy žanra degişli. Suratkeş öz işini keseligine uzaldylan görnüşinde gurupdyr. Taslamanyň gurluşy berk akademiýanyň klassisizm kanuny boýunça gurlupdyr. Eserde piramida görnüşli taslamanyň çözgüdi ulanylypdyr. Klassisizmiň kanuny esasynda esasy gahrymanlar ýagtylykda ýerleşdirilen, beýleki adamlar bolsa kölegede getirilýär. Bu eserde Wladimiriň göwresi taslamanyň merkezi nokadyny düzýär. Ol hem baş gahryman, Rogneda hem gahryman, ýöne onuň roly gowşak gelýär. Beýleki gahrymanlar: hyzmatkärler, söweşijiler bolup geçýän wakany uly bilesigelijilik we gyzyklanma bilen garaýarlar.
Anton Losenko XVIII asyryň ikinji ýarymynda Parižde okapdyr. Şol döwürde klassisizmiň talaplaryna laýyklykda suratkeş antik döwrüň sütünlerini, gara sudurly amforany we mozaika bezeglerini köşgüň içinde görkezipdir. Wladimiriň arka ýüzündäki sütün knýazyň güýjüni alamatlandyrýar. Amfora we mozaika bezegleri knýazyň baýlygyny görkezýär. Hakykatda bolsa, şol döwürde – X asyrda rus knýazlary agaçdan örülen jaýlarda ýaşapdyrlar. Knýazyň köşgüne “terem” ýa-da “palata” diýipdirler.
“Wladimir we Rogneda” eserinde Losenko sahnanyň “tebigylygyna” bolan islegini ussatlarça beýan edýär. Losenkonyň eseri ýyly reňkleriň üsti bilen çözülendir. Eserde kesgitli derejede gyzyl reňk ulanylypdyr. Çüňki gyzyl reňk suratkeş üçin tebigata akyl ýetirmäge itergi berýän çäksiz güýç-kuwwatyň, gülläp ösüşiň nyşany hasaplanypdyr.
Anton Losenko öz işinde adam bedeniniň gurluşynyň plastiki anatomiýasyny aýdyň suratlandyrmaga ymtylýar. Suratkeş bedeniň aýry-aýry bölekleriniň arasyndaky baglanyşygy, deriniň aşagyndan çykýan gan damarlaryň, myşsalaryň yzygiderliligini aýdyň görkezýär. “Wladimir we Rogneda” suraty kämillik, aýdyňlyk we ýokary ussatlyk bilen, Günbatar we Gündogar medeniýetlerine düýpli täsir etdi.
Losenkonyň eserinde Wladimir baş gahryman. Wladimir gadymy rus sungatynda keramatly adamyň keşbinde şekillendirilipdir. Onuň keşbini janlandyranda teatr sahnasynda oýnaýan şol döwrüň – XVIII asyryň meşhur aktýory Iwan Dmitrýewskiniň (1734–1821) suduryndan suratlandyrdy. Gadymy rus dilinde “Wladimir” “hemaýat ediji” diýen manyny berýär. Losenko rus egin-eşikleri hakda kän gyzyklanýardy. Wladimiriň egninde gyzyl reňkli şalaryň mantiýasy, içinden gara we ak reňkli gornostaý haýwanyň sütügi bilen berkidilen. Losenko öz eserinde kružewany, ýagny rus halkynyň tegelek görnüşli el işini Wladimiriň eşiginde getirýär, bu onuň söýgüligi çeperçilik bezegidir. Keramatly knýazyň başgaby dişli täji telpek görnüşli, sütükli hem-de düýeguşuň ýelekleriniň goşulmagy bilen owadan bezelipdir. Düýeguşyň perleri XVII–XVIII asyrda Günbatar Ýewropanyň başgaplarynda ulanmak ýörgünli bolupdyr. Suratkeş, knýazyň gyzyl reňkli deriden ädiklerini tomaşaçylara ýörite görkezýär, sebäbi Rogneda olary çykarmalydygyny ýatladýar. Şol döwürde X asyrda slawýan däbine görä ýaş gelin äriniň aýakgabyny çykarmaly bolupdyr. Bu däp oguzlardan gelip çykýar.
Taryhy çeşmelere görä beýik knýaz Wladimir I (958–1015) köp söweşijilikli syýahatlary etdi. Onuň kömegi bilen Gadymy Rus döwleti berkedi. Taryhda özüni şöhratlandyran knýaz Wladimiriň iň möhüm işi – Rus hristian dinini çokundyrylmagy gadymy rus taryhy ösüşinde uly öwrülişiklere beslenýär. 988-nji ýylda – Wladimir Swýatoslawiçiň kiýewlileriň çokundyrylan ýyly – rus çokundyrylan senesi diýlip hasaplanýar. Öz halk hakynda aladalanýandygy üçin, şeýle hem sansyz-sajaksyz söweşler we ýokary derejeli ýeňişleri gazanandygy üçin sada halk tarapyndan beýik knýaz Wladimir üçin “gyzyl günjagaz” lakamymyň peýda bolmagyny sebäp boldy.
Anton Losenkonyň eserinde Wladimiriň duýgusy we Rognedanyň hasraty dartgynly reňkiň üsti bilen tomaşaça ýetirilýär. Knýaz tolgunmak bilen alawlanýar. Knýaz gyz gamgyn we solak reňkde berlen. Wladimiriň gödek ýüzüniň gapdalynda gyzyň ýüzi ak-çal görünýär. Gadymy skandinaw dilinden “Rogneda” ady “söweş geňeşçisi” ýa-da “gynançly” diýen manyny aňladýar. Rognedanyň keşbi aşa abstraksiýa görnüşinde berilýär. Rognedanyň kellesi sag tarapa ýarym öwrümde, ýagny gadymy Gresiýanyň nusgawy döwrüň heýkeltaraşy Fidiýiň (miladydan öňki 490–430) “Afroditanyň kellesi” atly eserine meňzeýär. Knýaz gyzyň gözleri ýokaryk, birneme açyk agyz, gulakhalkalar, goýberilen saçyň düzüminiň tebigaty şekillendirilýär. Polowes knýaz gyz gözýaşy reňkli ýagdaýda. Rognedanyň lybaslary gyrmyzy reňkde bolup, Şa zenanyň beýik derejesini arşa göterýär. Onuň kellesinde tiara, gymmat bahaly daşlar bilen bezelen; sag elindäki ýaglyk bolsa onuň arassalygyndan we bigünäligi habar berýär. Suratda Rogneda toý lybasynda görkezilipdir, ýöne aslynda şonuň ýaly köýnek şol döwürde hiç haçan bolmandyr. Knýaz gyzyň köýnegi X asyra degişli däl, bu köýnek XVII–XVIII asyrlaryň biçüwine meňzeýär. Rognedanyň ýüzi suratkeş Losenko ajaýyp we owadan görnüşde wasp edýär. Şekiliň gowy saýlanan ýagdaýy gahrymanyň içki ruhy ýagdaýyny açmaga kömek edýär.
Losenkonyň “Wladimir we Rogneda” eseri köp sudurly taslama. Eseriň çep tarapda, Rognedanyň oturgyjynyň aňrysynda kiçigöwünli garry enekesi görkezilýär. Eseriň sag tarapynda bolsa hyzmatkär keşbi ýerleşipdir. Onuň elleri gaty gysylýar. Uzyn örme saçlary, kellesindäki ýaglyk, sarafan we zolakly şal milli görnüşiň aýratynlyklaryny nygtaýar. Hyzmatkäriň egninde ýüpek matadan tikilen şal aýratyn bellemegine mynasyp. Matanyň nagyşlary bu ajaýyp önümiň Gündogardan getirilendigini habar berýär. Taryhy maglumatlara görä Beýik ýüpek ýolunyň üsti bilen şol döwürde birnäçe gymmat bahaly matalar Gündogardan rus halkyna getirilendigi barada Orta asyr ýazuw çeşmelerinde teswirlenýär. Suratkeş hyzmatkäriň inçe profili Wladimiriň eşikleriniň fonunda aýdyň we owadan çyzylýar.
Mundan başga-da Losenko iki söweşijini şekillendiripdi, biri şapka-uşanka (telpek) başgaply, beýlekisi tuwalgaly. Telpek başgabyny geýen adamyň kellesi, janly gözleriniň ýumşak nazaryny, gysga sakgalyny, onuň adamkärçilikli häsiýetini görkezýär. Ol hem Wladimiriň ýakyn garyndaşy – daýysy, onuň ady Dobrynýa (X asyr). Suratda görkezilen Dobrynýa XVII asyryň rus eşiginde görkezilipdir. Tuwalgaly duran esgeriň sag elinde naýzany saklap dur, bu adamyň gözleriniň häsiýetini, hereketini, burnunyň çyzygyny, sakgalynyň kölegesini suratkeş tarapyndan gowy şekillendiripdir.
“Wladimir we Rogneda” taslamanyň şertleri teatr sahnasyna meňzeýär. Gahrymanlaryň yşaratlary we ýüz keşpleri teatrlaşdyrylan. Bu eser klassisizm nakgaşçylygyň döwrüni has aýdyň açyp görkezýär. Teatr häsiýetli duýgulary aňlatmakda Wladimiriň sag eli döşüne basyldy, çep eli bolsa Rognedany nikalaşmana çagyrmak üçin onuň elini soraýar. Bu hem eseriň söýgi romantiki häsiýetini has aýdyň açyp görkezýär.
Milli mowzukdaky ilkinji rus taryhy nakgaşçylyk eseri Rus imperiýasynyň kämillik derejesine ýetendigine şaýatlyk edýär. Anton Losenkonyň “Wladimir we Rogneda” atly eseri kämillik, aýdyňlyk we ýokary ussatlyk bilen rus sungatynyň we nakgaşçylygynyň esasy we düýpli eserine öwrüldi. Bu eser gadymy Rus döwletiniň taryhyna bagyşlanan ilkinji eserdir. Galyberse-de A. Losenkonyň döreden eseri köp sanly suratkeşe ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi. Şeýlelik-de “Wladimir we Rogneda” eseri Günbatar we Gündogar halklaryň medeniýetine uly täsirini ýetirdi.
Anton Losenkonyň döreden işleriniň hemmesi soňky nesillere görelde boldy. Şol döwürde ussatlaryň arasyndan A. Losenko ýaly beýik çeperçilik derejä ýeten suratkeş ýokdy. XVIII asyrda Anton Losenkodan başga-da medeniýete, sungata, edebiýata güýçli seslenme döredip bilen ussat bolmandyr. Suratkeş hakykata bolan ýatlama duýgusy ýatdan çykmaýar, şu günler hem beýik ussadyň döreden eserleri kitaplarda, žurnallarda, gazetlerde we sergilerde öz beýanyny tapýar we dünýä halklarynyň söýgüsini gazanyp bilendir.
Selim RASULOW, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby.