16-njy iýulda Estoniýanyň Prezidenti Alar Karis, “Reform” partiýasyndan klimat meseleleri boýunça ministri Kristen Mihala ýurduň täze hökümetini gurmagy tabşyrdy. Bu barada Estoniýanyň Prezidentiniň rezidensiýasyndan berlen metbugat beýanatynda aýdylýar.
Estoniýa döwletiniň Baştutany, parlamentde wekilçilik edýän alty partiýanyň wekilleri bilen duşuşandan soň bu karary berdi. Indi K. Mihalyň parlament agzalaryna geljekki hökümeti döretmek ýörelgeleri barada hasabat hödürlemegi üçin 14 güni bar.
K. Mihal “Reform” partiýasynyň başlygy Kaýa Kallasyň ýerine Premýer-ministr bolar. Kaýa Kallas 2021-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Ministrler Kabinetine ýolbaşçylyk etdi we Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary wekili wezipesine bellenilmegi sebäpli işinden çekildi.
Häzirki wagtda reformaçylar Sosial-demokratik partiýasy we “Estoniýa 200” partiýasy bilen gepleşik geçirýärler. Bu üç syýasy güýç, 2023-nji ýylyň ýazynda geçirilen parlament saýlawlaryndan soň hökümet gurdy.
Täze hökümetiň iýul aýynyň ahyrynda ýa-da awgust aýynyň başynda işe başlamagyna garaşylýar. Näçe ministriň çalşyljakdygy entek belli däl.