Halkara howa menzilleri geňeşi (ACI) geçen ýylyň iň köp gatnawly aeroportlarynyň sanawyny mälim etdi. Sanawyň birinji ornunda 104 milliondan gowrak ýolagça hyzmat eden ABŞ-nyň Atlanta aeroporty bar. Dubaýyň halkara aeroporty 87 milliona golaý, Dallas-Fort Wert 81 million 755 müňden gowrak ýolagça hyzmat edip ilkinji üçlüge giripdir. Londonyň Hitrou howa menzili 79 million ýolagçysy bilen dördünji bolupdyr. Şeýlelikde 100 million ýolagçy sepgidinden diňe bir aeroport geçipdir. Maglumata görä geçen ýyl 8,7 milliarda golaý ýolagçy halkara howa gatnawlaryndan peýdalanypdyr. Bu görkezijiniň 2022-nji ýyldakydan 30,5 göterim ýokarydygy, 2019-njy ýyldakynyň 94,2 göterimine deňdigi bellenildi.
Uçar ýolagçylarynyň artmagynda Aziýadaky ykdysady dikelişiň täsiri uly bolupdyr. “ACI World”-yň ýolbaşçysy Luiz Felipe de Oliwýera maglumatlaryň uçar syýahatyna islegiň ozalky ýyllardakydan has ýokarydygyny görkezýändigini belleýär. Onuň sözlerine görä, ýolagçy gatnawy pandemiýadan dolulygyna diýen ýaly halas boldy. Hytaýyň serhedini açmagy uly ösüşe getiripdir. Uçar arkaly ýük gatnawy 1,8 göterim azalyp, 115 million tonna töweregi bolupdyr. Bu ugurda Gonkong birinjiligini saklap galýar.