Bazar barlaglaryny amala aşyrýan «Rho Motion» kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýäde elektroulaga bolan isleg ýokarlanýar. Geçen aý dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän hem-de zarýad berip bolýan gibrid ulaglaryň satuwy 13 göterim ýokarlanypdyr. Munda Hytaý bazarynyň täsiri uly bolupdyr. Şeýle-de bolsa, Ýewropada satuw pese gaçypdyr. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Çarles Lester elektroulaglaryň ýaýrawynyň artmagy hem-de BYD kompaniýasynyň satuwynyň ýokary bolmagy netijesinde Hytaý elektroulaglarynyň has köp satylandygyny mälim etdi. Iýun aýynda dünýäde jemi 1,4 million elektroulag satylypdyr. Bu görkezijiniň 60 göterimi, ýagny 860 müňi Hytaý bazarynda ýerlenipdir.
Ýewropada bolsa elektroulag satuwy 7 göterim azalyp, 300 müň bolupdyr. ABŞ-da we Kanadada 6 göterim ösüş gazanylyp, 140 müň elektroulag satylypdyr. Ýylyň dowamynda dünýäde 16,6 million elektroulag satylmagyna garaşylýar.