«Xiaomi» kompaniýasy işçä zerurlyk duýmaýan dünýädäki ilkinji zawody tanyşdyrdy. Jemi 11 sany önümçilik konweýeri bolan zawodda her üç sekuntda bir smartfon öndürip bolar. Kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Jun bu barada jemgyýetçilik torunda habar berdi. Önümçilik desgasy dolulygyna awtomatlaşdyrylan bolup, bu ýerde robotlar hem işledilýär. «Akylly» ulgam näsazlyk ýüze çykan ýagdaýynda ony bejerip bilýär. Meýdany 81 müň inedördül metre barabar bolan zawody gurmak üçin 330 million dollar sarp edilipdir. Bu ýerde her üç sekuntda bir sany «MIX Fold 4» hem-de «MIX Flip» smartfony öndüriler.