“Bundesliganyň” güýçli toparlaryndan “Borussiýa Dortmund” kluby geçen möwsümiň wise-çempiony “Ştutgart” klubunyň ýyldyzy Seru Girassini transfer etdi. Dortmundlylar gwineýaly hüjümçi üçin şertnamada bellenilen mukdary, 18 million ýewro tölär. “Borussiýa Dortmund” Girassu bilen 4 ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol geçen möwsümde 28 gol geçirip (28 oýunda), Harri Keýnden soň çempionatyň iň netijeli futbolçysy bolupdy.