Ispaniýanyň hökümeti orangutanlar, bonobo, gorilla we şimpanze ýaly adampisint maýmynlar bilen baglanyşykly kanun kabul etmek boýunça ilkinji ädim ätdi. Sebäbi bu görnüşli maýmynlaryň ynsanlara “genetiki ýakynlygy” bolup, bioetik Jozef Fletçer tarapyndan tassyklanan pikire görä, “olarda adamyň 15 häsiýeti jemlenýär.
Ispaniýanyň Sosial hukuklar ministrligi tarapyndan hödürlenýän bu kanun kabul edilse, Ispaniýa maýmynlar üçin ýörite kanun kabul eden ilkinji ýurt bolar. Kanun, maýmynlara zyýan berjek synaglary we barlaglary gadagan etmegi maksat edinýär. Şeýle hem eýeçiligiň ýa-da saklamagyň şertlerini kesgitlemek, täjirçilik maksatlarynda we sergilerde ulanmagy gadagan etmek, şeýle hem olary goramak boýunça tagallalary artdyrmak göz öňünde tutulýar.