ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 5-nji noýabrda geçiriljek Prezident saýlawynda dalaşgär bolmajakdygyny, wise-prezident Kamala Harrisi goldajakdygyny mälim edipdi. Entek resmi ýagdaýda yglan edilmese-de, Harris Demokrat partiýadan dalaşgärlige iň ýakyn adam hasaplanýar. Şeýle-de bolsa, Baýdeniň öz ýerine Harrisi dalaşgärlige teklip etmeginden 24 sagat geçenden soňra Harris üçin 81 million dollar pul bagyşlanandygy mälim edildi. Amerikan metbugatyna görä, agzalýan görkeziji 24 sagatda toplanan iň köp pul hasaplanýar.
ABŞ-da prezident saýlawlarynyň döwründe bagyş edilen pullaryň möçberi we pul bagyşlanlaryň sany saýlawyň netijesi barada pikir ýöretmäge mümkinçilik berýär. Şol sebäpli saýlaw prosesinde saýlaw kompaniýasy üçin meýletin bagyş edilýän pullar aýratyn ähmiýetli hasaplanýar.