23-nji iýulda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi boýunça milli maslahatyna taýýarlyk görmek boýunça duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanda akkreditirlenen halkara guramalarynyň, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysynyň wekilhanasynyň, Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Azerbaýjan Respublikasynyň Ilçihanalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, Durnukly Ösüş Maksatlarynyň ýaş ilçileri gatnaşdylar. Duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi çäräniň utgaşdyryjysy hökmünde çykyş etdi. Türkmenistanyň ýaşlarynyň howanyň üýtgemegi babatynda milli maslahaty guramagyň deslapky Meýilnamasynyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň esasy maksady boldy. Duşuşykdaky çykyşlarda häzirki wagtda bu ugurda degişli ministrlikler we pudak edaralary hem-de halkara guramalary bilen bilelikde degişli işleriň yzygiderli alnyp barylýandygy nygtaldy.
Geçirilen duşuşykda 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde howanyň üýtgemegi meselelerine bagyşlanyp geçiriljek Ýaşlar maslahatlarynyň Meýilnamasynyň taslamasy hödürlenildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň “Türkmenistanyň Ýaşlaryň Howanyň üýtgemegi boýunça Milli maslahaty (LCOY) 2024” guramak baradaky başlangyçlary goldamagy dowam edýändigi beýan edildi. Geçiriljek maslahat ýaş nesilleriň arasynda howanyň üýtgemegi, onuň durmuş-ykdysady ösüşe, daşky gurşawyň durnuklylygyna we biodürlülige edýän täsiri, şeýle hem howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga, täsirini gowşatmaga kömek edýän öňdebaryjy çözgütleri durmuşa geçirmekde, umumy çemeleşmeleri ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolar. Onda alyp barmaly işleriň esasy ugurlary, maksatlary, möhletleri, jogapkärler hem-de howanyň üýtgemegi boýunça türkmen ýaşlarynyň başlangyçlary beýan ediler.
Ýaşlar maslahatynyň Meýilnamasynyň taslamasynda Daşoguz welaýatynyň Türkmen oba hojalyk institutynda, Balkan welaýatynda ýerleşýän Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň şahamçasynda, Mary welaýatynyň Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda, Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda, Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda ýerleşýän Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda degişli çäreleri geçirmek hem-de jemleýji maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda geçirmegiň meýilleşdirilýändigi bellenip geçildi. Çeşme: education.gov.tm