23-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetini Pakistan Yslam Respublikasyna saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýetini Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň kabul etdi.
Duşuşygyň barşynda Asif Ali Zardari Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşýan şahsy goşantlary üçin özüniň hormatyny we hoşallygyny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.