23-nji iýulda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa Tokio şäherinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bu ýurtdaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşygyň gün tertibine 2024-nji ýylyň awgustynda Astana şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» Dialogynyň ilkinji Sammitiniň guramaçylyk meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, ýokary derejedäki Sammit alty taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm itergi berer.