22-nji iýulda Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Ilçisi B.Rejepow Gazagystan Respublikasynyň Syýahatçylyk we sport ministri E.Maržikpaýew bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar syýahatçylyk we sport ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. 2024-nji ýylyň maý aýynda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edilendigi bellenildi. Ministr öz gezeginde bu derejäniň berilmegi mynasybetli gutlady we sport pudagynda täze üstünlikleriň gazanylmagyny arzuw etdi. Bu ugurda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen sport pudagynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek teklip edildi.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň syýahatçylyk kompaniýalarynyň wekilleriniň Gazagystanda geçirilýän sergilere gatnaşmaklarynyň üsti bilen iki ýurduň arasyndaky syýahatçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge ylalaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda E.Maržikpaýew türkmen tarapyny 2024-nji ýylyň 8-14-nji sentýabry aralygynda Astana şäherinde geçiriljek 5-nji Bütindünýä çarwa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.