ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris 5-nji noýabrda geçiriljek döwlet Baştutanynyň saýlawlarynda Demokratik partiýadan özüniň dalaşgärligini öňe sürmek niýetiniň bardygyny resmi taýdan mälim etdi.
“Men Kamala Harris we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentligine dalaş edýärin” diýip, ol “X” jemgyýetçilik ulgamyndaky akkaundynda ýazdy.
Şeýle hem Kamala Harris agitasion wideoroligini hem ýaýradyp, ýurduň raýatlaryny kampaniýasyny maliýeleşdirmäge çagyrdy.