Ajaýyp zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysady, syýasy we medeni taýdan gülläp ösýär.
Güneşli Diýarymyzda syýahatçylyk ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalarda, sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde, kottejler toplumlarynda ýokary derejeli hyzmatlary ýola goýmakda öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar. Şu günler gojaman Hazaryň kenary köp adamly. Bu ýere saglygyny bejertmek we dynç almak maksady bilen gelýän myhmanlaryň sany yzygiderli artýar. Myhmanhananyň işgärleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýän myhmanlara uly höwes bilen ýokary derejede hyzmatlary berýärler.
Balkan welaýat häkimliginiň web saýtynda berilýän maglumatlara görä, häzirki wagtda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bir wagtyň özünde dynç alýanlaryň 10 müň 117-sini kabul edip bilýän 18 sany myhmanhana, 8 sany dynç alyş we sagaldyş merkezleri, şol sanda 1 müň 380 orunlyk çagalar üçin lagerler hem-de 9 sany kottejler toplumy hereket edýär. Dynç alýanlaryň hyzmatynda 4 sany seýilgäh bolup, olardan 2 sanysy oýun attraksionly seýilgählerdir. Geliň, sözümiz gury bolmaz ýaly, bu seýilgähler we suw çüwdürimler baradaky gyzykly maglumatlar bilen tanyş bolalyň.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döredilen teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimlerini, amfiteatry, çagalar üçin attraksionly oýun meýdançalary, birnäçe kafeler, gök zolaklar, tehniki desgalary öz içine alýan seýilgäh bu ýere dynç almaga gelýän syýahatçylaryň hem-de şäheriň ilatynyň iň söýgüli ýerine öwrüldi. Gury ýerdäki we deňiz suw çüwdürimler toplumyny öz içine alýan seýilgäh toplumyndaky häzirki zaman ýokary tehnologiýa esasynda sazlaşykly gurlan, beýikligi 40-dan 100 metre çenli bolan suw çüwdürimleri aýratyn özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.
Deňiz kenaryndan 85 metr daşlykda ýerleşýän, boýy 24 metr, ini 60 metr bolan suw çüwdürimleriniň ýüzündäki ekranda dürli görnüşli golografik şekiller we tans edýän sudurlar görünýär we olar seýilgähde goýberilýän saz bilen utgaşykly hereket edip, yzygiderli çalşyp durýar. Deňiz suw çüwdürimlerinden ybarat bolan ekranda görünýän golografik şekilleriň boýy 20 metre ýetip, şekilleri hakyky ýaly edip görkezýär.
Seýilgähdäki goýberilýän saz bilen sazlaşykly gury ýerdäki kiçi suw çüwdürimleri hem dürli görnüşli tans hereketlerini ýerine ýetirip, gözellige has-da görk goşýar.
Deňze tarap gurnalan ýodajyk arkaly 50 metr aralygy geçip, iki tarapa uzalyp gidýän, her tarapynyň uzynlygy 34 metr bolan ýodajykdaky gözegçilik meýdançasyndan gündiz Hazar deňziniň gözelligini, agşamlyk bolsa ýakyn aralykdaky deňiz suw çüwdürimleriniň hereketlerini synlamak bolýar.
Deňziň kenarynda gurlan 2 müň 400 orunlyk amfiteatrda deňiz suw çüwdürimlerindäki jadylaýjy golografik şekilleri synlamak tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.
2018-nji ýylyň 21-nji iýulynda umumy meýdany 30 ga bolan akwapark ulanyşa berildi. Munuň özi uly toplum bolup, onuň düzüminde suw attraksionlary bilen bilelikde dürli ýaşdaky dynç alyjylaryň we syýahatçylaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen gurlan beýleki desgalar hem girýär.
Bu ajaýyp desga gyşky we tomusky akwaparky, söwda merkezini, harytlaryň giň görnüşlerini hödürleýän onlarça dükanlary, supermarketi, 30-a golaý kafeleri we restoranlary, 1 müň 640 orunlyk amfiteatry, myhmanhanany, şeýle-de emeli daglary, kölleri, suw şaglawuklaryny, dag çeşmejiklerini – uly başdan geçirmeler mekanyny öz içine alýar.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna häzirki wagtda dynç almaga gelýän raýatlaryň sany barha artýar. Olar dynç alyş we sagaldyş binalarynda, kottejler toplumlarynda, seýilgählerde, aýdym-saz merkezlerinde, sport desgalarynda, deňiz kenarynda we beýleki ýerlerde döredilen ähli amatlyklardan peýdalanyp, bu meşhur zolagyň taýsyz täsinliklerinden, gözelliklerinden lezzet alýarlar. Şeýle-de, dynç almaga gelýän raýatlar bu ýerdäki seýilgählerde we deňziň kenar ýakalarynda gezelenç edip, onuň hoştap howasyndan dem almagy dynç alşyň egsilmez höziri hasaplaýarlar.
Halkymyza işlemek we dynç almak üçin şeýle uly mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Sylap REJEPOW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Ahal welaýaty boýunça müdirliginiň Tejen etrap bölüminiň harby gullukçysy, kapitan.