Dünýäniň öňdebaryjy 10 tehnologiýa kompaniýasynyň umumy gymmaty 18 trillion dollara golaýlady. Şeýlelikde, 2023-nji ýylda jemi içerki önümi 17,6 trillion dollar bolan Hytaýdan öňe geçdiler. «Companies Market Cap» saýtynyň seljermesine görä, iri kompaniýalaryň paýnamalary we bazar gymmaty göz öňünde tutulanda, «Apple» 3,4 trillion dollarlyk gymmaty bilen öňdeligi eýeleýär. Bazar gymmaty 3,3 trillion dollar bolan «Microsoft» ikinji orunda durýar. Mahal-mahal birinji orna-da çykýan «Microsoft»-yň bazar gymmaty 2023-nji ýylyň iýul aýynda 2,5 trillion dollar bolan bolsa, bir ýyldan soňra 3,3 trillion dollara ýetdi. Kompaniýanyň gymmatynyň artmagynda emeli aň we «bulut» hyzmatlarynyň täsiri uly bolupdyr. Soňky ýyllarda garaşylmadyk ýagdaýda öňe saýlanan NVIDIA kompaniýasynyň bazar bahasy 3 trillion dollardan geçipdir. Geçen ýylyň iýul aýynda bu görkeziji 1,2 trillion dollar bolupdyr. Emeli aň tehnologiýasyna degişli harytlary we hyzmatlary çykarmagy bu kompaniýanyň çalt depginler bilen ösmegine getirdi.
Sanawda «Google»-a eýeçilik edýän «Alphabet» 2,2 trillion dollarlyk bazar bahasy bilen dördünji, «Amazon» 1,9 trillion dollarlyk bazar bahasy bilen bäşinji orunda durýar. «Meta» (1,2 trillion dollar), TSMC (878 milliard dollar), «Tesla» (802 milliard dollar), «Broadcom» (749 milliard dollar) we «Tencent» (449 milliard dollar) ilkinji onluga giripdir.