Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy döw­rün­de ýur­du­myz ösüş­le­riň tä­ze be­lent sep­git­le­ri­ne ga­dam bas­ýar. «Berkarar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Galkynyşy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 – 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy», «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2022 – 2028-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy», şeý­le hem «Türk­me­nis­ta­nyň Prezidentiniň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy» ka­bul edil­di. Gör­nü­şi ýa­ly, bu mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­mak üçin giň ge­rim­li iş­le­riň tä­ze tap­gy­ry­na ba­dal­ga be­ril­ýär, örän äh­mi­ýet­li tas­la­ma­lar dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Şol dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän äh­mi­ýet­li tas­la­ma­la­ryň bi­ri hem Di­ýa­ry­my­zyň ener­ge­ti­ka kuw­wa­ty­nyň ösü­şi bo­lup dur­ýar.
Ýur­du­myz­da ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny ös­dür­me­gi çalt­lan­dyr­mak döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ug­ry ha­sap­lan­ýar. Ener­ge­ti­ka ba­bat­da döw­let sy­ýa­sa­ty ener­ge­ti­ki ga­raş­syz­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge, ener­ge­ti­ka­nyň daş­ky gur­şa­wa ýa­ra­maz tä­si­ri­ni azalt­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Bu we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li çöz­mek üçin eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ener­ge­ti­ka­ny, onuň mun­dan beý­läk hem howp­suz­ly­gy­ny, ener­go­tyg­şyt­ly­ly­gyň do­lan­dy­ryl­ma­gy­nyň öň­de­ba­ry­jy usu­ly­ýet­le­ri­niň we ýö­rel­ge­le­ri­niň or­naş­dy­ryl­ma­gy­ny, önüm­çi­li­giň we ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­niň, şol san­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy­nyň sarp edi­li­şi­niň ener­go ne­ti­je­li­li­gi­ni üp­jün ed­ýän, yl­myň ga­za­nan­la­ry­na esas­lan­ýan tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp taý­ýar­la­mak we önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak ba­bat­da mö­hüm iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Bu aý­dy­lan­la­ryň aý­dyň su­but­na­ma­sy bo­lup ýa­kyn­da, has ta­ky­gy, 2024-nji ýy­lyň ýan­war–iýun aý­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri­ne ba­gyş­la­nan Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de de­giş­li wi­se-prem­ýe­riň ne­bit we gaz kon­den­sa­ty­ny çy­kar­mak, po­lip­ro­pi­len ön­dür­mek bo­ýun­ça ga­za­ny­lan teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler ba­ra­da ha­sa­ba­ty diň­le­nil­di. Ha­sa­bat­dan gör­nü­şi ýa­ly, «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni ta­ra­pyn­dan me­ýil­na­ma­nyň 102,9 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len­di­gi bel­le­nil­di. Döw­let kon­ser­ni­niň ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­la­ry ta­ra­pyn­dan ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­me­giň me­ýil­na­ma­sy 102,9 gö­te­rim ýe­ri­ne ýe­ti­ril­di. Ha­sa­bat döw­rün­de ben­zin ön­dür­me­giň me­ýil­na­ma­sy 106,3 gö­te­rim, di­zel ýan­gy­jy­nyň me­ýil­na­ma­sy 100,1 gö­te­rim, po­lip­ro­pi­le­ni ön­dür­me­giň me­ýil­na­ma­sy 107,9 gö­te­rim, çal­gy ýag­la­ry­ny ön­dür­me­giň me­ýil­na­ma­sy 116,7 gö­te­rim ber­jaý edil­di. Şeý­le-de, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy ön­dür­mek, te­bi­gy we ugur­daş ga­zy çy­kar­mak, ma­wy ýan­gy­jy da­şa­ry ýurt­la­ra iber­mek ba­bat­da ga­za­ny­lan teh­ni­ki-yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­ler ba­ra­da aý­dyl­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, ne­bit­gaz se­na­ga­ty­nyň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň mö­hüm pu­dak­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şo­ňa gö­rä-de, top­lu­ma de­giş­li kär­ha­na­la­ryň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak üçin döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­ma­gy we top­lum­la­ýyn çä­re­le­ri gör­me­gi do­wam et­dir­mek, Ha­zar deň­zi­niň se­bi­tin­de ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni göz­le­mek we öz­leş­dir­mek üçin da­şa­ry ýurt kom­pa­ni­ýa­la­ry­ny çek­mek, türk­men geo­log­la­ry ta­ra­pyn­dan ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­niň gel­je­gi uly bo­lan gat­lak­la­ry­ny göz­le­mek, bar­la­mak iş­le­ri­ni ne­ti­je­li do­wam et­dir­mek, ýur­du­myz­da ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni göz­le­mek, ýü­ze çy­kar­mak, öz­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri mun­dan beý­läk-de güýç­len­dir­mek we bu iş­le­re hal­ka­ra tej­ri­bä­ni giň­den or­naş­dyr­mak ze­rur bo­lup dur­ýar di­ýip hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy.
19-njy iýul­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­ser­ni­niň Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy sak­la­ýan we ýük­läp iber­ýän des­ga­la­ry­nyň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, za­wod­lar top­lu­my ta­ra­pyn­dan ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­me­giň ne­ti­je­sin­de, dür­li gör­nüş­li ne­bit önüm­le­ri bi­len bir ha­tar­da, su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz hem ön­dü­ril­ýär. Ony sak­la­mak hem-de sarp edi­ji­le­re ýük­läp iber­mek üçin ýö­ri­te ter­mi­na­lyň hyz­ma­tyn­dan peý­da­la­nyl­ýar. Bu des­ga­la­ryň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­men­ba­şy­da­ky ne­bi­ti gaý­ta­dan iş­le­ýän za­wod­lar top­lu­my­nyň go­la­ýyn­da ýer­leş­ýän, su­wuk­lan­dy­ry­lan ga­zy sak­la­mak we ýük­läp iber­mek üçin ni­ýet­le­nen ter­mi­na­ly gi­ňelt­mek, onuň kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Türk­me­nis­tan te­bi­gy baý­lyk­la­ry­ny dün­ýä ba­zar­la­ry­na çy­kar­mak­da hem kö­pu­gur­ly tas­la­ma­la­ry üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­ýär. Te­bi­gy ga­zyň gor­la­ry bo­ýun­ça dün­ýä­de dör­dün­ji or­ny eýe­le­ýän ýur­du­myz Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň ener­ge­ti­ka ba­zar­la­ry­ny in­teg­rir­le­mek pi­kir­le­ri­ni hem-de ýö­rel­ge­le­ri­ni yzy­gi­der­li öňe sür­ýär. Bu ul­gam­da döw­le­ta­ra söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek hem-de daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da­ky äh­lu­mu­my me­se­le­le­ri çöz­mek nuk­daý­na­za­ryn­dan eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ener­gi­ýa­ny ulan­ma­ga geç­mek ýa­ly mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan iri tas­la­ma­lar üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Bu giň ge­rim­li tas­la­ma­lar Türk­me­nis­ta­nyň 2021–2025-nji ýyl­lar üçin ener­ge­ti­ka dip­lo­ma­ti­ýa­sy­ny ös­dür­me­giň tas­syk­la­ny­lan mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. On­da BMG-niň ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry, Hal­ka­ra ener­ge­ti­ka agent­li­gi, Ener­ge­ti­ka Har­ti­ýa­sy­nyň Sek­re­ta­ria­ty hem-de beý­le­ki ugur­daş dü­züm­ler bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry kes­git­len­di. Ýan­gyç-ener­ge­ti­ka top­lu­my­nyň öňün­de dur­ýan mö­hüm we­zi­pe eks­port bi­len bir ha­tar­da, ener­gi­ýa se­riş­de­le­ri­ne art­ýan içer­ki ze­rur­lyk­la­ry ka­na­gat­lan­dyr­mak­dan yba­rat­dyr. Bu bol­sa mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň esa­sy pu­dak­la­ry­nyň, şol san­da ne­bit­gaz, hi­mi­ýa, elekt­roe­ner­ge­ti­ka, gur­lu­şyk se­na­ga­ty we beý­le­ki pu­dak­la­ryň dep­gin­li ösü­şi bi­len şert­len­di­ri­len­dir.
Ýur­du­my­zyň ener­ge­ti­ka kuw­wa­ty­ny ös­dür­mek­de mak­sat­na­ma­la­ýyn iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ja­ny sag, öm­ri uzak bol­sun, alyp bar­ýan döw­let äh­mi­ýet­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin.

Ýu­sup Ulug­ber­di­ýew,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.