26-njy iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe meseleleri girizildi.
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň 37-nji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, 2017-nji ýylyň oktýabrynda geçirilen GDA-nyň sammitinde Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň strategik ykdysady hyzmatdaşlygy hakynda Jarnama işlenip taýýarlanyldy we 2019-njy ýylyň oktýabrynda Aşgabatda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisinde biragyzdan kabul edildi. Bu Jarnamada GDA gatnaşyjy döwletleriň işiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda zähmet, iş bilen üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek hem göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen baglylykda, GDA-nyň ykdysady ulgamda hereket edýän pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralary bilen gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Wise-premýer şu ýylyň 14-nji iýunynda sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň ygtyýarly edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň we degişli edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň netijeleri barada hasabat berip, hormatly Prezidentimiziň garamagyna maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisini Aşgabat şäherinde şu ýylyň oktýabrynda geçirmek baradaky teklibi hödürledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlar bilen söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy yzygiderli berkidýändigini belledi. Şeýle hem bu guramanyň pudaklaýyn edaralary bilen gatnaşyklar giňeldilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we wise-premýere Aşgabat şäherinde geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Zähmet, iş üpjünçilik we ilaty durmuş taýdan goramak boýunça maslahat beriş geňeşiniň nobatdaky mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ony ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.