Her ýylyň 1-nji oktýabrynda Halkara Kofe güni bellenilýär. Bu gün kofeniň dünýäniň dürli ýurtlarynyň medeniýetindäki ornuny, kofe ösdürip ýetişdirýän adamlaryň zähmetini we kofe pudagynyň ähmiýetini ýatlatmak üçin geçirilýär. Halkara kofe güni ilkinji gezek 2015-nji ýylda bellenilip başlandy we bu başlangyç Halkara kofe guramasy bilen baglanyşyklydyr. Kofe häzirki wagtda dünýäde iň köp sarp edilýän içgileriň biri bolup, dürli halklaryň gündelik durmuşynda aýratyn orun eýeleýär.

Kofeniň taryhy hem örän gyzyklydyr. Onuň gelip çykyşy köplenç Gündogar Afrikadaky Efiopiýa bilen baglanyşdyrylýar. Soňra kofe Ýemene we Ýakyn Gündogara ýaýrap, wagtyň geçmegi bilen Ýewropa, Amerika we dünýäniň beýleki sebitlerine baryp ýetdi. Häzirki wagtda Braziliýa, Wýetnam, Kolumbiýa, Efiopiýa we beýleki ýurtlar iri kofe öndürijileriň hataryndadyr. Kofe diňe bir içimlik bolman, eýsem millionlarça adamyň ýaşaýyş-durmuşyna we köp ýurtlaryň ykdysadyýetine täsir edýän möhüm oba hojalyk önümleriniň biridir. Kofeniň iň köp ýaýran görnüşleri “Arabica” we “Robusta” sortlarydyr.

Halkara kofe güni bu içimligiň ýöne bir içimlik däldigini görkezýär. Bir käse kofeniň aňyrsynda kofe ösümligini ösdürýän daýhanlaryň, hasyly ýygnaýan işçileriň, ony gaýtadan işleýän hünärmenleriň we dünýäniň dürli ýerlerine ýetirýän adamlaryň zähmeti dur. Şonuň üçin bu gün kofeniň tagamyndan lezzet almak bilen birlikde, onuň dünýäniň dürli medeniýetlerini we adamlaryny ýakynlaşdyrýan, ysnyşdyrýan önüm hökmünde üns çekýär.

Mähri Gurbanowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.