Görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemegiň çäklerinde, 26-njy iýulda “Ahundowyň öýi” muzeýinde, Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan guralan “Magtymguly Pyragy: Gruziýanyň gözi bilen” atly fotosurat sergisi açyldy.
Bu açylyş dabara Gruziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Gruziýanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, professional suratçylar we surata höwesjeňler, medeniýet we sungat işgärleri, ylmy intelligensiýasy, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Surat sergisinde türkmen suratkeşleriniň Magtymgulynyň durmuşyndan täsirli wakalary gürrüň berýän 50-den gowrak eser görkezildi. Sergä gatnaşyjylar ekspozisiýalary türkmen milli sazlaryň astynda synladylar. Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D. Seýitmämmedow bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş etmek bilen, bu halkara sergisi Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen dünýä jemgyýetçiliginiň has giňden tanyşmagyna, doganlyk halklaryň arasyndaky dostlugyň we hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam boljakdygyny aýtdy. Fotosurat sergisi 2024-nji ýylyň 2-nji awgustyna çenli dowam eder.
Çeşme: HHM