Türkmenistan daşary ykdysady işleri ýeňilleşdirmek maksady bilen “Eksport-import amallaryny geçirmek üçin Ýeke penjire” atly täze ulgamy işe girizdi. Bu ulgama elýeterliligi üpjün etmek üçin www.tradebridge.gov.tm web-portaly döredildi.
Bu ulgam daşary ykdysady işleriň gatnaşyjylaryna harytlar we ulag serişdeleri barada maglumatlary bir gezek bermek bilen, eksport-import amallaryny resmileşdirmek boýunça ähli talaplary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda ulgamda daşary ykdysady işleriň 5000-e golaý gatnaşyjysy hasaba alyndy.
20 000-den gowrak elektron arzalar işlenildi.
Ulgama 16 ministrlik we olaryň 22 düzüm birlikleri birikdirildi. Olar harytlar we ulag serişdeleri üçin elektron ygtyýarnamalary, şahadatnamalary we beýleki rugsatnamalary berýärler.
Ulgamyň işlenip düzülmeginde BMG-niň, Bütindünýä gümrük guramasynyň we Bütindünýä söwda guramasynyň maslahatlary we standartlary göz öňünde tutuldy.
Taslamanyň utgaşdyryjysy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bolup durýar.
“Ýeke penjire” ulgamynyň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda eksport-import amallaryny geçirmegiň netijeliligini we aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir, bu bolsa ýurduň daşary söwdasynyň ösmegine ýardam berer.