2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli maslahatlary, «tegelek stol», döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ozal yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň jemi jemlener. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň, ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik, zehin bäsleşiklerini, sport ýaryşlaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Awaza — dostluk mekany» atly medeni-köpçülik, sport çärelerini, Hazar deňziniň güni mynasybetli maslahaty guramak göz öňünde tutulýar. «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň welaýatlar boýunça jemleýji tapgyrlary, Aşgabat şäherinde «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçiriler.
Bu barada 26-njy iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa hasabat berdi.