26-njy iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Galkynyş” gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň gurluşygyny zerur bolan serişdeler bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, “Galkynyş” gaz käni türkmen tebigy gazyny goňşy we sebit döwletlerine bökdençsiz ibermekde çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Käni özleşdirmegiň birinji tapgyrynda önüm berýän gaz guýularynyň goşmaça guýularyny burawlamak, önümçilige girizmek meýilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, olaryň uzak wagtlap bökdençsiz we ygtybarly işlemegini üpjün etmek zerur bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, «Galkynyş» gaz käninde goşmaça gazylmagy göz öňünde tutulýan gaz guýularynyň buraw işlerini ýerine ýetirmek üçin zerur bolan enjamlary we serişdeleri satyn almak boýunça teklibi goldaýandygyny aýtdy hem-de wise-premýere bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.