Döwlet Baştutanymyzyň “Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” baýragyny almak ugrundaky bäsleşigi yglan etmek hakynda” Kararyna laýyklykda, zehinli çagalaryň arasynda yglan edilen “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyryny şu ýylyň sentýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Bilim we Medeniýet ministrlikleriniň guramagynda bäsleşigiň etrap, şäher, welaýat tapgyrlary guramaçylykly geçirilip, olara 1011 çagadan ybarat bolan 64 sany döredijilik topary, ýaşajyk aýdymçylar gatnaşdylar. Bäsleşigiň tapgyrlarynda eziz Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi wasp edýän aýdym-sazlary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde tapawutlanan çagalaryň 21-si, çagalar tans, aýdym-saz we halk döredijilik toparlarynyň 13-si saýlanylyp alyndy hem-de jemi 361 çaga döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryny şu ýylyň 6-njy sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Bu barada 26-njy iýulda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa hasabat berdi.