Türk­men jem­gy­ýe­ti­ni do­lan­dyr­ma­gyň iň bir ga­dy­my ins­ti­tut­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Halk Mas­la­ha­ty dö­wür­le­riň we ne­sil­le­riň aý­ryl­maz ara­bag­la­ny­şy­gy­ny be­ýan edip hem-de ata-ba­ba­la­ry­my­zyň köp asyr­la­ryň do­wa­myn­da top­lan ta­ry­hy tej­ri­be­si­ni özün­de jem­le­mek bi­len, onuň mej­lis­le­rin­de wa­jyp yk­dy­sa­dy, sy­ýa­sy me­se­le­ler ila­tyň giň gat­lak­la­ry­nyň gat­naş­mak­la­ryn­da ýa­şu­ly nes­liň we­kil­le­ri bi­len mas­la­hat­la­şyp çö­zü­lip­dir. Türk­men hal­ky he­mi­şe ýa­şu­ly nes­le aý­ra­tyn hor­mat bi­len ga­rap, il-ýurt bäh­bit­li iş­ler­de ola­ryň baý dur­muş tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp­dyr we mas­la­hat­ly çöz­güt­le­ri ka­bul edip­dir. Hä­zir­ki ta­ry­hy dö­wür­de halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň bu ha­ky­ky ýö­rel­ge­si ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da my­na­syp or­ny eýe­le­ýär we ag­zy­bir hal­ky­my­zyň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly pä­him­le­ri­ne yg­rar­ly­dy­gy­ny ýe­ne-de bir ge­zek aý­dyň tas­syk­la­ýar.
Şu ýy­lyň 12-nji iýu­lyn­da bo­lan Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Arkadagly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ba­ra­da aý­dan­la­ry Di­ýa­ry­myz­da mil­li de­mok­ra­ti­ýa­nyň döw­re­bap rö­wüş­de ama­la aşy­ryl­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň my­sal­la­ry­nyň bi­ri­dir. Onuň esa­sy mak­sa­dy ata-ba­ba­la­ry­my­zyň asyl­ly wes­ýet­le­ri­ne we­pa­ly­ly­gy­my­zyň ny­şa­ny bo­lan, türk­men hal­ky­nyň döw­le­ti do­lan­dyr­mak­da top­lan kö­pa­syr­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýa­nyp, döw­let we jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge ila­ty­my­zyň yg­ty­ýar­ly we­kil­le­ri­niň giň­den gat­naş­ma­gy­ny üp­jün et­mek, jem­gy­ýe­tiň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ber­kit­mek, mil­li de­mok­ra­ti­ýa­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri dö­re­di­ji­lik­li kä­mil­leş­dir­mek hem-de halk hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­sy­nyň – Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ýa­ly we­zi­pe­le­ri çöz­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir.
2023-nji ýy­lyň ýan­wa­r aýyn­da döredilen Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty hal­ky­my­zyň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­dyr. Onuň işi de­mok­ra­ti­ýa, aýan­lyk, ada­lat­ly­lyk, ka­nu­nyň hök­mü­ro­wan­ly­gy, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­ny ile­ri tut­mak, ada­myň we ra­ýa­tyň ka­nu­nyň öňün­dä­ki deň­li­gi, ada­myň hu­kuk­la­ry­na we azat­lyk­la­ry­na hor­mat goý­mak, çöz­güt­le­ri er­kin ara alyp mas­la­hat­laş­mak we ka­bul et­mek, jem­gy­ýet­çi­lik pi­ki­ri­ni na­za­ra al­mak ýa­ly ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ni ça­gyr­mak we gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek ha­kyn­da 20-nji iýul­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Pre­zi­diu­my­nyň Ka­ra­ry­na gol çek­di. Bu Ka­rar­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­ni 2024-nji ýy­lyň 24-nji sent­ýab­ryn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­däki Mas­la­hat köş­gün­de ge­çir­mek bel­le­nil­di.
Hä­zir­ki wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­ne taý­ýar­lyk gör­me­giň bar­şyn­da onuň ag­za­ly­gy­na we­kil­le­ri saý­la­mak mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu iş­de ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ry­na, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­ne uly orun de­giş­li­dir.Bi­ziň ata-ba­ba­la­ry­my­zyň jem­gy­ýet­çi­lik we­kil­le­ri bi­len äh­li­halk ýyg­nak­la­ry­ny ge­çi­rip, ýur­du­myz­da iň wa­jyp sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy me­se­le­le­ri çöz­mek ba­ra­da­ky asyl­ly däp­ler, ka­nun­çy­ly­gy­my­zy kä­mil­leş­dir­mek ar­ka­ly halk de­mok­ra­ti­ýa­sy­nyň hal­kyň we­kil­le­ri bi­len bi­le­lik­de ama­la aşy­ryl­ma­gy hal­kyň döw­let do­lan­dy­ry­şy­na iş­jeň gat­naş­ma­gy üçin giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň dü­zü­mi­ne we­kil­le­ri saý­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­re gu­ra­ma­çy­lyk-usu­ly­ýet taý­dan ýar­dam ber­lip, ýur­du­my­zyň ösüş­le­ri­ne sal­dam­ly go­şant go­şup, il için­de ha­lal zäh­met çe­kip, şah­sy gö­rel­de­si bi­len ta­pa­wut­lan­ýan, ab­raý­ly, my­na­syp adam­la­ry saý­la­mak mak­sa­dy bi­len, oba­dyr şä­her­le­riň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň, ýa­şu­lu­la­ryň, sy­ýa­sy par­ti­ýa­la­ryň, jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­ri­niň, et­rap, şä­her halk mas­la­hat­la­ry­nyň ýyg­nak­la­ryn­da mas­la­ha­ta we­la­ýat­lar­dan we Aş­ga­bat, Ar­ka­dag şä­her­le­rin­den gat­naş­jak­la­ry hö­dür­le­mek, se­çip al­mak bo­ýun­ça işler do­wam ed­ýär. Şeý­le hem Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­sin­de öň­de du­ran äh­li­halk mas­la­ha­ty­nyň gün ter­ti­bin­de se­re­dil­jek me­se­le­ler bo­ýun­ça ra­ýat­la­ry­my­zyň pi­kir­le­ri, ar­zuw-is­leg­le­ri öw­re­nil­ýär hem-de ge­lip go­wuş­ýan tek­lip­le­ri sel­jer­mek, umu­my­laş­dyr­mak we beý­le­ki me­se­le­ler bo­ýun­ça yzy­gi­der­li iş­le­riň ge­çi­ril­me­gi do­wam et­di­ril­ýär.
Şu­nuň bi­len bir­lik­de, öň­de du­ran äh­li­halk mas­la­ha­ty­nyň hal­ky­my­zyň ag­zy­bir­li­gi­ni, je­bis­li­gi­ni ber­kit­mek­dä­ki, mil­li de­mok­ra­ti­ýa­ny mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­dä­ki, türk­men döw­le­ti­niň sy­ýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik we döw­let gur­lu­şy­nyň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­mak­da­ky, ra­ýat jem­gy­ýe­ti­ni ber­ka­rar et­mek­dä­ki ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti ha­kyn­da köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de gi­ňiş­le­ýin çy­kyş­lar edil­ýär, «te­ge­lek sto­luň» ba­şyn­da­ky sy­ýa­sy söh­bet­deş­lik­ler gu­ral­ýar. «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Kons­ti­tu­si­on Ka­nu­nyň düz­gün­le­ri­ni, mas­la­ha­tyň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti­ni hal­ky­my­za giň­den dü­şün­dir­mek ba­ra­da yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän wa­gyz-ne­si­hat du­şu­şyk­la­ryna Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­tat­la­ry hem işjeň gatnaşýarlar.
Ýur­du­my­zyň döw­let gur­lu­şy­nyň esas­la­ry­ny kes­git­le­ýän Kons­ti­tu­si­ýa­nyň 3-nji mad­da­sy­na la­ýyk­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň özyg­ty­ýar­ly­ly­gy halk ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýar, halk bol­sa döw­let hä­ki­mi­ýe­ti­niň ýe­ke-täk göz­ba­şy­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň hal­ky öz hä­ki­mi­ýe­ti­ni gös-gö­ni ýa-da we­kil­çi­lik­li eda­ra­la­ryň üs­ti bi­len ama­la aşyr­ýar.
Asyr­la­ryň sy­na­gyn­dan ge­çen mil­li däp­le­ri­mi­ze eýer­mek bi­len ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si­niň ka­bul ed­ýän çöz­güt­le­ri örän äh­mi­ýet­li­dir. Çün­ki hä­zir­ki dö­wür­de mil­li Li­de­ri­mi­ziň be­ýik baş­lan­gyç­la­ry­nyň we taý­syz ta­gal­la­la­ry­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni pu­dak­la­ýyn di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dyr­mak, in­no­wa­si­on se­na­gat­laş­dyr­mak, yk­dy­sa­dy ösü­şiň kö­pu­gur­ly­ly­gy­ny ga­zan­mak ba­ba­tyn­da düýp­li öňe­gi­diş­lik­ler bi­len bir­lik­de, halk hä­ki­mi­ýe­ti­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça hem ne­ti­je­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let­li­lik tag­ly­ma­ty adam­zat jem­gy­ýe­ti­niň ösü­şin­dä­ki ýe­ti­len sep­git­le­ri we türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hy we mil­li mi­ra­sy­ny, hä­zir­ki za­man tej­ri­be­si­ni ha­sa­ba al­mak we ola­ry döw­rü­mi­ziň nuk­daý­na­za­ryn­dan öz­leş­dir­mek esa­syn­da iş­le­nip dü­zü­len yn­san­per­wer ga­ra­ýyş­la­ryň ul­ga­my­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de, üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ne gö­nük­di­ri­len res­mi­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi mil­li Li­de­ri­mi­ziň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ma­gy bo­ýun­ça ne­ti­je­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny aý­dyň şöh­le­len­dir­ýär.
Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döwründe ka­nun­la­ry­my­zyň döw­re­bap kä­mil­leş­di­ril­me­gin­de ýol-ýö­rel­ge gör­kez­ýän, ata Wa­ta­ny­my­zy ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap alyp bar­ýan hormatly Prezidentimize, mil­li Li­de­ri­mi­ze al­kyş­la­ry­myz çäk­siz­dir.

Ser­dar DUR­DY­ÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Ýerli wekilçilikli häkimiýet we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen işlemek baradaky komitetiniň agzasy.