Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmakda toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň pudaklarynda sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin zerur şertler döredilýär.
Türkmenistany 2022–2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň, şeýle hem ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda ösdürmegiň Maksatnamasynyň esasynda milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ilerletmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şu Maksatnamalar öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary önümçilige işjeň ornaşdyrmakda, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin zerur şertleri döretmekde, giň möçberli özgertmeleri durmuşa geçirmekde esasy gural bolup durýar. Ýurdumyzda tehnologiýalary we nou-haulary alyşmak, täze önümçilikleri döretmek işleri rowaçlanýar.
Innowasion ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini tehniki taýdan üpjün etmek we olaryň gerimine laýyk gelýän infrastrukturany döretmek ugrunda hem uly işler alnyp barylýar. Maksatnamalarda göz öňünde tutulan täze desgalar bilen bir hatarda, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna hem aýratyn ähmiýet berilýär. Elektron senagaty döretmek boýunça döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Gaýtadan işleýän senagatyň beýleki pudaklary bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň innowasiýa ugruny ösdürmekde, täze pudaklaryň döredilmeginde, içerki zerurlyklary kanagatlandyrmak üçin daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, bäsdeşlige ukyply dürli önümleriň mukdarynyň artdyrylmagynda hem-de eksport ugurly önümleriň öndürilmeginde azyk pudagynyň kuwwatynyň artmagyna-da uly üns gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz «Öňe sürýän beýik başlangyçlarymyzda, uludan tutulýan döwletli işlerimizde hemişe ylma daýanýarys» diýmek bilen, milli ylym ulgamyny ösdürmäge uly üns berýär. Täze tehnologiýalaryň, ylmy işläp taýýarlamalaryň ýurduň içinde döredilmegi ylmy köp talap edýän önümleriň möçberleriniň artmagyna getirmek bilen birlikde, milli ykdysadyýetiň tehnologik garaşsyzlygyny üpjün etmäge hem ýardam berýär. Şundan ugur alyp, ýurduň innowasion kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmakda nano we biotehnologiýalaryň ösdürilmegine, elektronika senagatynyň ýola goýulmagyna, kompýuter ylymlarynyň ösüşiniň ileri tutulmagyna uly ähmiýet berilýär.
Sanly ulgama geçmegiň maksatnamasyna laýyklykda, ýokary hünärli ussat işgärleri taýýarlamak wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirilmek bilen, ýurdumyzda himiýany, biologiýany, fizikany we şol dersler bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan düýpgöter täze ugurlary, ýagny nanotehnologiýalary, nanoelektronikany, biotehnologiýany, kwant mehanikasyny we beýleki sapaklary çuňlaşdyryp öwrenmäge gönükdirilen ýokary okuw mekdepleri ulanmaga berildi.
Esasy Kanunymyzyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar» diýlip kesgitlenilýär. Şoňa laýyklykda, «Aragatnaşyk hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Maglumatlar we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary işlenip düzüldi.
Bilşimiz ýaly, «Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek boýunça aýgytly başlangyçlara badalga berlip, häzirki wagta çenli netijeli işler alnyp baryldy. Bu işleriň netijesinde maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçilikleriniň giňden ulanylmagy bilen, sarp edijileriň wagtlary we serişdeleri tygşytlanylýar. Munuň özi hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilýändigini, sanlylaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklarynyň geriminiň giňeýändigini we geljekde has-da giňejekdigini ynamly aýtmaga esas döredýär. Ýurdumyzda sanly ulgamlaryň giňden ornaşdyrylýan döwründe olardan kämil baş çykarmak, dogry peýdalanmak ýaly işlere ýaşlary çekmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Döwlet Baştutanymyzyň sanly ulgama geçmek, programma üpjünçiligini işläp düzýän we innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, «Sanly çözgüt – 2024» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçirilýär. Bu bäsleşikde emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyrmak, «akylly» oba hojalyk tehnologiýalary, «akylly» öý, «akylly» şäher, bilim we elektron okuw, sanly lukmançylyk hem-de hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlarda döwrebap taslamalar seljerilýär.
Ýurdumyzda ähli pudaklar sanly ulgamyň mümkinçiliginden giňden peýdalanýarlar, ösüşlere beslenýän döwrümizde täze, innowasion tehnologiýalara uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda dürli pudaklarda halkara giňişliginde hyzmatdaşlyk etmek babatda işler barha rowaçlanýar. Munuň özi bu ugurda kämil maglumat-aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilýändigini aýdyň beýan edýär. Şeýlelikde, sanly ulgamyň mümkinçilikleri arkaly internet we onlaýn ulgamlaryna birikmek, ylmy maglumatlary toplamak we paýlamak ýaly usullardan giňişleýin peýdalanylýar. Häzirki döwürde sanly ulgamyň berýän şeýle mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýan ylym-bilim işgärleri hem dünýäniň iň täze gazananlaryny, ylmy açyşlaryny yzygiderli öwrenýärler we ösdürýärler. Alymlar tarapyndan nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary, lukmançylyk, derman senagatynyň tehnologiýalary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary babatda ileri tutulýan ugurlar yzygiderli öwrenilýär. Bu ylmy ugurlary öwrenmekde dünýä alymlary tarapyndan onlaýn maslahatlar, sanly ulgam arkaly geçirilýän ylmy maslahatlar jemgyýetde aýratyn orna eýedir. Şunda ösen sanly ulgamyň mümkinçilikleri işi ilerletmäge örän oňat ýardam edýär.
Ýazmyrat Atdaýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag
kommunikasiýalary institutynyň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi, ýaş alym.