«SpaceX» kompaniýasy «Starlink» hemra ulgamynyň dünýäniň müňden gowrak uçaryny ýokary tizlikli internet bilen üpjün edendigini mälim etdi. Bu barada Kanadanyň «WestJet» we «Telus» ýaly kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýulýandygy yglan edilenden soň, habar berildi.
– «Starlink»-iň ýokary tizlikli internetine dünýäniň müňden gowrak uçarynyň birikdirilmegi bu awiasion ulgamyň geljeginiň uludygyny görkezýär – diýip, «Starlink»-iň korporatiw satuw boýunça wise-prezidenti Jeýson Friç aýtdy.
«WestJet» bilen ýakyn hyzmatdaşlyk bu awiakompaniýanyň ýolagçylaryna basym «Starlink»-iň internetine elýeterli bolmaga mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, «Telus» bilen hyzmatdaşlyk «WestJet Rewards» maksatnamasyna gatnaşyjylara «Starlink»-e mugt elýeterliligi hödürlär.
«SpaceX»-iň ýolbaşçysy Ilon Mask «Starlink»-iň ýolagçylara hatda howada hem ýerdäki optiki-süýümli birikmesiniň tizligini duýmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdi. Indi «Starlink»-e birikdirilen uçarlaryň sanynyň has-da artyp, dünýädäki ýolagçylara uçuş wagtynda ýokary tizlikli internete girmäge mümkinçilik döreder diýlip garaşylýar.