8-13-nji sentýabr aralygynda Gazagystanyň Astana şäherinde sportuň etnik görnüşleri boýunça halkara sport ýaryşlary – Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlary geçiriler. Astana şäheriniň akimatynyň maglumatlaryna görä, bu çärä 89 ýurtdan iki müňden gowrak adam gatnaşar.
Oýunlar sport, medeniýet we ylym ýaly üç ugry öz içine alýar. Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň infrastrukturasynda «Astana Arena» stadiony, «Kazanat» aýlawy, Ž.Uşkempirow adyndaky başa-baş söweş sungaty köşgi, «Alau» buz köşgi, «Qazaqstan» ýeňil atletika sport toplumy, «Duman» toplumy ýaly 6 sany uly desga bar.
«Kazanat» aýlawynda we Etnoaulyň çäginde at çapyşyklary, ýaýdan ok atmak, elguş bilen aw etmegiň milli görnüşleri we beýlekiler bar. Ž. Uşkempirow adyndaky başa-baş söweş sungaty köşgünde we «Alau» buz köşgünde milli göreş, başa-baş söweş sungaty we halk oýunlary boýunça ýaryşlar, «Duman» toplumynda bolsa, gadymdan gelýän intellektual oýunlar geçiriler. «Qazaqstan» ýeňil atletika sport toplumynda Çarwadarlaryň Bütindünýä oýunlarynyň akkreditasiýa we enjam merkezleri ýerleşer. Oýunlaryň ylmy maksatnamasynyň çäreleri Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýinde geçiriler. Oýunlarda 100-e golaý medal gowşurylar.