Angliýada baý taryhy bilen belli bolan 2,4 gektar meýdany eýeleýän Dreýk adasy satuwa çykaryldy. Plimut şäheriniň golaýynda ýerleşýän bu ada, hususy suwa düşülýän kenary, şeýle hem XVIII asyrdan galan toplary we harby berkitmeleri bilen tanalýar. Adanyň eýesi Morgan Fillipsiň aýtmagyna görä, adadaky iň köne bina 1135-nji ýyl bilen senelenýär. Bu ada asyrlaryň dowamynda goranyş nokady bolup hyzmat edip, Angliýany keseki ýurtlaryň hüjüminden goramakda möhüm ähmiýete eýe bolupdyr. Ada 1577-nji ýylda bu ýerden Ýeriň daş-töweregine syýahata ugran Frensis Dreýkiň adyny göterýär. Adanyň bahasy aýan edilmedi, ýöne myhmanhananyň abatlanmagyny öz içine alýan işlere çykdajylar 25 million funt sterling bilen bahalandyrylýar. Fillips bu adany 2019-njy ýylda 6 million ýewro satyn alypdyr. Täze eýesiniň bu adany toýlardyr beýleki çäreleri guramak üçin meşhur ýere öwrüp biljekdigi bellenilýär.