Eýranyň täze saýlanan Prezidenti Masud Pezeşkian öňki daşary işler ministri Muhammet Jawad Zarifi strategiki meseleler boýunça wise-prezident we Strategiki barlaglar merkeziniň başlygy wezipesine belledi. Bu barada IRNA habar gullugy habar berdi.
Prezident 30-njy iýulda mejlisde kasam kabul edenden soň, bu baradaky baradaky karara gol çekdi.
M. Pezeşkian öz karary bilen M. J. Zarifi içerki we halkara meseleline hem-de administrasiýanyň ýurduň Konstitusiýasynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmekde, şeýle hem, Eýranyň ýokary ruhy lideri Ali Hameneýi tarapyndan hödürlenen 20 ýyllyk ösüş strategiýasyny we umumy syýasaty durmuşa geçirmekde gazanan üstünliklerine gözegçilik etmäge çagyrdy.
64 ýaşly M. J. Zarif 2013-nji ýyldan 2021-nji ýyla çenli şol wagtky Prezident Hasan Ruhaniniň hökümetinde Eýranyň Daşary işler ministrligine ýolbaşçylyk etdi.
Şeýle hem M.Pezeşkian Muhammet Reza Arefi özüniň birinji wise-prezidenti wezipesine belledi.