1-nji awgustda Daşkent şäherinde Dostluk hepdeliginiň çäklerinde Özbegistanyň paýtagtynyň Magtymguly köçesinde ýerleşýän Gündogaryň beýik akyldary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.

Dabara Türkmenistanyň Ilçisi Ş.Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Daşary ýurtlar bilen milletara we dostlukly gatnaşyklar boýunça komitetiniň başlygy R.Kurbanow, Türkmen medeniýetiniň Respublikan merkeziniň başlygy G.Awezdurdyýewa we merkeziň işgärleri, Ýazyjylar birleşiginiň, ýokary okuw mekdepleriniň, türkmen diasporasynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň dünýäniň köp dillerine terjime edilendigini we uly meşhurlykdan peýdalanýandygyny belläp geçdiler.

Nygtalyşy ýaly, şahyryň döredijiligi köp asyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir.