1-nji awgustdan başlap, Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde mekdep bazarlary öz işine başlady.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan söwda nokatlaryny okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri, haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyryldy. Sanly ulgamy ösdürmek, ilata döwrebap hyzmatlary ýola goýmak maksady bilen, elektron söwda dükanlarynyň üsti bilen bu harytlary halka hödürlemek hem-de eltip bermek hyzmatlary hem ýola goýuldy.
5-nji sentýabra çenli dowam etjek mekdep bazarlarynda göçme söwda sekileri kanselýar harytlarynyň we mekdep esbaplarynyň giň saýlawyny hödürleýär.
Täze 2024-2025-nji okuw ýylyna Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalary mekdep eşikleriniň klassiki nusgalaryny öndürdi. Assortimentde oglanlar üçin penjekler we galstuklar, gyzlar üçin ýaşyl reňkli köýnekler we ak öňlükler, şeýle hem türkmen milli başgaby tahýa bar.
Mundan başga-da, 19-22-nji awgust aralygynda Aşgabatda “Kids Expo: Ähli zat çagalar üçin ” atly Halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler, ol ýerde türkmen we daşary ýurt öndürijilerinden çagalar, mekdep okuwçylary we talyp ýaşlar üçin harytlar görkeziler.