ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris resmi taýdan Demokratik partiýadan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň prezidentligine dalaşgär boldy. Bu barada ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň Milli Komiteti 19-njy awgustda Çikagoda başlajak partiýanyň milli gurultaýyna gatnaşjakdyklaryny mälim eden wekilleriň wirtual ses berişligi tamamlanandan soň yglan etdi.
-ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris, bir hepdelik onlaýn ses berişlikde ABŞ-nyň Demokratik partiýasynyň gurultaýyna gatnaşjaklaryň 99 göteriminiň resmi goldawyna eýe boldy – diýip, partiýanyň Milli komitetiniň başlygy Jeými Harrison habar berdi.
Harris 6-njy awgustda Minnesotanyň gubernatory Tim Walzy wise-prezidentlige dalaşgär saýlady hem-de bilelikdäki ilkinji mitingini geçirdi. Kongresiň öňki wekili, 60 ýaşly Walz bu ştatda ikinji möhletinde gubernator bolup işleýär. Demokratlar onlarça ýyldan bäri Prezident saýlawlarynda Minnesotta ştatynda aýgytly ýeňiş gazanyp gelýärler.
Kamala Harris Jo Baýdeniň gaýtadan saýlanmak ugrundaky saýlaw kampaniýasyndan çekilýändigini yglan edeninden iki hepde soň ABŞ-nyň prezidentligine resmi dalaşgär boldy. Maglumatlara görä, Harris indi bäsdeşi, Respublikan partiýanyň dalaşgäri Donald Trampdan öňe saýlanyp, rekord derejede artykmaçlyga eýe boldy.
ABŞ-da Prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçiriler. Öňki prezident Donald Tramp Respublikan partiýa tarapyndan döwlet Baştutany wezipesine dalaşgär görkezildi, wise-prezidentlige dalaşgär hökmünde bolsa, Ogaýo ştatynyň senator Jeý-Di-Wens Wens saýlandy.