5-nji iýunda “Boeing” kompaniýasynyň işläp taýýarlan kosmos gämisi ilkinji gezek adamly uçuşy amala aşyrypdy. Uçuşy birnäçe gezek yza süýşürilen kosmos gämisi bilen NASA-nyň iki astronawty Halkara kosmos bekedine iberildi. Emma kosmos gämisinde ýüze çykan tehniki näsazlyk sebäpli astronawtlar kosmos bekedinde galmaly boldular. Häzire çenli ýüze çykan tenniki näsazlygy çözmek başartmady. Eger “Starliner”-y bejerip bolmasa, Barri Ýujin Wilmoryň hem-de Sunita Wilýamsyň (garaýagyz zenan) Ýere dolanmaklary indiki ýyla süýşürilip bilner. NASA astronawtlaryň saglygyna we howpsuzlygyna aýratyn üns berýär. Şol sebäpli yzyna sag-aman gelip biljekdiklerine doly göz ýetirilmese, kosmos gämisiniň uçurylmagyna ygtyýar berilmeýär.
Barri Ýujin Wilmor hem-de Sunita Wilýams “Boeing”-iň “Starliner” gämisi bilen kosmosa giden ilkinji astronawtlar bolupdy. NASA olary yzyna getirmek üçin geljek ýylyň fewralynda uçuryljak “SpaceX” kompaniýasynyň “Crew Dragon” gämisindäki iki orny boş goýmagy göz öňünde tutýar. Şeýle edilmeli bolan ýagdaýynda “Starliner” yzyna boş gaýdar. “Starliner” kosmos bekedinde 90 gün bolup bilýär. Sebäbi gäminiň birigen “portuna” “Crew Dragon” gämisi barmaly. Eýýäm bu möhletiň 63 güni geçdi. Adatça Halkara kosmos bekedinde iş alyp barýan astronawtlar 6 aýdan nobatyny çalyşýarlar. Her 90 günden bolsa, gatnaw amala aşyrylýar.