Öz ulagyň bilen taksiçilik hyzmatyny hödürlemäge mümkinçilik berýän «Uber» amerikan kompaniýasy bilen Hytaýyň elektroulag önümçiligi bilen meşgullanýan BYD kompaniýasy möhüm hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maksat edinýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde Hytaý brendi «Uber» üçin 100 müň elektroulag öndürer. Bu ulaglar Latyn Amerikasy hem-de Ýewropa ýurtlarynda ulanylar. Geljekde iki kompaniýa hyzmatdaşlygyny dünýäniň beýleki sebitlerine hem ýaýratmagy meýilleşdirýär. Iki kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň pikirine görä, bu hyzmatdaşlygyň «Uber» taksileriniň sürüjileri üçin ätiýaçlandyryş, maliýe we beýleki hyzmatlar has arzan bolar. Şeýle hem bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi elektrik energiýasyna geçişe ýardam eder. Şeýlelikde, iki kompaniýa özbaşdak hereket edýän elektroulagy tanyşdyrmak üçin hem hyzmatdaşlyk eder.
Hytaýyň iň iri elektroulag öndüriji kompaniýasy bolan BYD 2022-nji ýyldan bäri diňe gibrid hem-de dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglary öndürip başlady. Şondan bäri BYD ulaglarynyň dünýä ýurtlaryndaky satuwy görnetin ýokarlandy. Hytaýda elektroulaglaryň has arzan görnüşleri öndürilýär.