Dün­ýä­niň iň uly aýs­ber­gi ha­sap­lan­ýan «A23a» at­ly buz bö­le­gi äpet gir­da­byň tä­si­ri­ne dü­şüp aý­la­nyp baş­la­dy. Aýs­berg 1986-njy ýyl­da An­tark­ti­ka­nyň ke­na­ryn­dan go­pup, Wed­del deň­zin­de su­wuň saý ýe­rin­de sak­la­nyp ga­lyp­dy. Ge­çen ýyl bol­sa, ýe­ne-de su­wuň aky­my bi­len he­re­ket edip baş­lap­dy. Bir­nä­çe aý­dan bä­ri bol­sa, aýs­ber­giň gir­da­byň or­ta­syn­da du­ran ýe­rin­de aý­lan­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Bi­ler­men­ler sa­gat di­li­niň ter­si­ne aý­lan­ýan buz bö­le­gi­niň ýe­ne-de bir­nä­çe aý­lap bu gir­dap­dan çy­kyp bil­me­jek­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. Şeý­le hem bu­zuň gir­dap­da nä­çe köp sak­lan­sa, ere­me­gi­niň hem gi­jik­jek­di­gi­ bellenilýär. Aýs­ber­giň meý­da­ny 4 müň ine­dör­dül ki­lo­met­re, ga­lyň­ly­gy bol­sa 400 met­re ba­ra­bar.
Adat­ça aýs­berg­ler gu­ry ýer bö­le­gin­dä­ki buz­lu­gyň bir bö­le­gi­niň suw tol­kun­la­ry­nyň tä­si­ri bi­len gop­ma­gy ne­ti­je­sin­de eme­le gel­ýär. Soň­ra bol­sa, su­wuň aky­my bi­len has ys­sy ýer­le­re akyp gid­ýär. Ýy­ly suw hem-de ys­sy ho­wa aýs­ber­giň ýu­waş-ýu­waş­dan eräp deň­ze ga­ryş­ma­gy­na se­bäp bol­ýar.

Ju­ma­gül WA­LI­ÝE­WA,
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.