Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­du­my­zy äh­li­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge gö­nük­di­ri­len dur­muş-yk­dy­sa­dy öz­gert­me­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär, aja­ýyp üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar, hal­ky­my­zyň dur­muş de­re­je­si bar­ha ýo­kar­lan­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ga­za­nan­la­ry­ny has-da ber­kit­mek, ýur­du­my­zy ösü­şiň has ýo­ka­ry de­re­je­le­ri­ne çy­kar­mak üçin äh­li­halk he­re­ke­ti­ni ýaý­baň­lan­dyr­mak, jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy, dur­muş-yk­dy­sa­dy, me­de­ni-yn­san­per­wer we ka­nun­çy­lyk-hu­kuk ul­gam­la­ryn­da tä­ze sep­git­le­re ýe­tir­mek, iň tä­ze ta­ry­hy­myz­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­le­ri wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len dö­re­di­len bu ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra hal­ky­my­zyň ta­ryh­dan öz göz­ba­şy­ny alyp gaýd­ýan mas­la­hat­laş­mak, ge­ňeş et­mek dä­bi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şan­ly 33 ýyl­lyk to­ýu­nyň toý­lan­ýan döw­rün­de ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösüş­le­rin­den gür­rüň et­mek has-da ýa­kym­ly­dyr. Mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne gö­nük­di­ri­len äh­li ma­li­ýe çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na ma­ýa go­ýum­la­ry öz­leş­dir­me­giň ösüş dep­gin­le­ri has-da ýo­kar­lan­ýar. Yk­dy­sa­dy­ýe­tiň önüm­çi­lik ul­ga­my­na go­ýul­ýan ma­ýa go­ýum­la­ryň yzy­gi­der­li art­dy­ryl­ma­gy ýur­duň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ber­kid­ýär, mil­li ma­na­dyň ka­da­ly he­re­ke­ti­ni ýo­la goý­ma­ga, im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ýur­du­myz­da ön­dür­mä­ge, eks­por­ty art­dyr­ma­ga, hal­kyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, her bir maş­ga­la­nyň bag­ty­ýar dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge ýar­dam ber­ýär. 12-nji iýul­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çi­ren Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de şu ýy­lyň 6 aýyn­da dür­li ugur­lar­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň jem­le­ri­ne ga­ral­dy. Ge­çen dö­wür­de je­mi içer­ki önü­miň ösüş dep­gi­ni­niň 6,3 gö­te­ri­me ýe­ti­ril­me­gi, halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li pu­dak­la­ry bo­ýun­ça önüm­çi­li­giň möç­be­ri­niň ösü­şi­niň bel­le­nen çäk­de üp­jün edil­me­gi, önüm­çi­lik we dur­muş mak­sat­ly tä­ze des­ga­la­ryň en­çe­me­si­niň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi üs­tün­lik­li ösü­şiň gör­ke­zi­ji­si­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­tyň bag­ty­ýar ra­ýat­la­ry­my­zyň hal-ýag­da­ýy­ny yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­mek bi­len, 2025-nji ýy­lyň ýan­wa­ryn­dan baş­lap, zäh­met hak­la­ry­ny, pen­si­ýa­la­ry, döw­let kö­mek pul­la­ry­ny we ta­lyp hak­la­ry­ny 10 gö­te­rim ýo­kar­lan­dyr­mak ha­kyn­da Per­ma­na gol çek­me­gi döw­le­ti­mi­ziň yn­san­per­wer sy­ýa­sa­ty­nyň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Ge­çen ýa­rym ýyl­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýet dur­nuk­ly ös­dü­ri­lip, bäs­deş­li­ge ukyp­ly, ýo­ka­ry hil­li dür­li ha­ryt­la­ry ön­dür­ýän tä­ze kär­ha­na­la­ry dö­ret­mek bo­ýun­ça ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­dy. Hä­zir­ki dö­wür­de oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek we­zi­pe­si mö­hüm bo­lup, ony çöz­mek üçin oba ho­ja­ly­gy­nyň ön­dü­ri­ji­li­gi­ni art­dyr­mak, ne­ti­je­li ho­ja­lyk iş­le­ri­ni alyp bar­mak, ýer­den yl­my esas­da peý­da­lan­mak, her gek­tar­dan alyn­ýan ha­sy­lyň muk­da­ry­ny kö­pelt­mek, peý­da­la­nyl­ýan ýer­le­ri suw bi­len yg­ty­bar­ly üp­jün et­mek bo­ýun­ça äh­li iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Ýur­du­myz­da bug­da­ýyň we go­wa­ça­nyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek, daý­han­la­ryň ýe­re bo­lan hö­we­si­ni art­dy­ryp, yh­las­ly zäh­met çek­mek­le­ri üçin oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dü­ri­ji­le­ri yk­dy­sa­dy taý­dan hö­wes­len­dir­mek mak­sa­dy bi­len de­giş­li iş­ler ge­çi­ril­ýär.
Umu­man, adam ha­kyn­da­ky ala­da ýur­du­myz­da ama­la aşy­ryl­ýan giň möç­ber­li mak­sat­na­ma­lar­da, hu­su­san-da, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ýo­ka­ry dep­gin­li ösü­şi­ni do­wam et­mekde, ma­ýa go­ýum iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­makda, tä­ze iş orun­la­ry­ny dö­ret­mekde we ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni has go­wu­lan­dyr­makda, şeý­le hem pu­dak­la­ýyn anyk mak­sat­na­ma­la­ry iş­läp düz­mek­de öz be­ýa­ny­ny tap­ýar.
Goý, Wa­ta­ny­my­zy ösüş­le­riň tä­ze me­ka­ny­na öw­ren Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň ja­nlary sag, öm­ürleri uzak, döw­let­li tu­tum­la­ry ro­waç­lyk­lara beslensin!

Gy­zyl­gül PAL­TA­ÝE­WA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.