Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisida 9-12-nji awgust aralygynda Gazagystanda, Özbegistanda we Mongoliýada saparda bolmagy meýilleşdiripdi. Kisida Gazagystanda geçirilýän «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň sammitine gatnaşmagy göz öňünde tutulypdy. Emma Ýaponiýanyň adalarynda güýçli ýertitreme hadysasynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi sebäpli Ýaponiýanyň Premýer-ministri bu saparyny ýatyrmak kararyna geldi. Ol bu barada habarçylar bilen bolan metbugat ýygnagynda belläp geçdi. Şeýle hem ýurduň “Kyodo” resmi habarlar gullugy hem bu barada habar berdi.
– Merkezi Aziýa we Mongoliýa saparlary ýatyrmak barada karara gelindi – diýip, Kisida belläp geçdi. Ol geljek hepdelerde güýçli ýertitreme hadysasynyň ýüze çykmak ähtimallylygyny göz öňünde tutup, bu ýagdaýa taýýarlyk görmek üçin tagalla ediljekdigini aýtdy.
8-nji awgustda hem ýurduň günorta-günbatarynda Rihter ölçegine görä 7,1 derejesinde güýçli ýertitreme hadysasy boldy.
Esasy Dünýä täzelikleri Ýaponiýanyň Premýer-ministri Merkezi Aziýa we Mongoliýa boljak saparyny ýatyrdy