Koreýa Respublikasynyň mekdepleri “geljegiň synp otaglary” taslamasynyň çäginde akylly AI (emeli aň) okuw kitaplaryny ornaşdyryp başladylar. 2023-nji ýylda LG eýýäm ýurduň 18 mekdebinde işleýän şeýle synp otaglaryny döretmäge girişdi. Bu synp otaglarynda mugallymlara we okuwçylara kömek edip biljek AI bilen enjamlaşdyrylan CLOi gumanoid robotlaryna birikdirilen sanly tagtalar gurnalandyr.
Koreýa Respublikasynyň bilim ministrligi AI bilen işleýän sanly okuw kitaplaryny ornaşdyrmak meýilnamasyny yglan etdi. 2025-nji ýyldan başlap täze okuw kitaplary matematikany, koreý we iňlis dillerini, kompýuter ylymlaryny öwrenmek üçin ulanylar. 2028-nji ýyldan başlap, olar jemgyýeti öwreniş bilimleri, taryh, tebigy ylymlar we tehnologiýa ýaly dersleri öwrenmekde hem peýdalanylar.
AI okuw kitaplaryny taýýarlamak bilen “Samsung” we LG kompaniýalary meşgullanýar. Kitaplarda köp dilleriň terjimesi we subtitrler bolar. Goşmaça funksiýalary entek mälim edilmedi.
-Mugallymlar synpda okatmagyň täsirli usullaryny işäp düzüp, AI bilen işleýän sanly okuw kitaplaryny ulanmakda möhüm rol oýnarlar – diýip, Koreýa Respublikasynyň Wise-premýeriniň orunbasary we bilim ministri Li Ju Ho aýtdy.