Mähriban ildeşler! Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Türkmen owazy” teleradioýaýlymynyň “Owaz” radioýaýlymy 2024-nji ýylyň awgust aýynyň dowamynda her çarşenbe güni sagat 13:00 – daky habarlardan soň “Owaz” radioýaýlymynda geçiriljek naýbaşy bäsleşikli gepleşikleriň biri bolan “Owazdan sowal” bäsleşigine gatnaşmaga çagyrýar.
Owaz radioýaýlymynda ýaýlym arkaly diňleýjilere dürli ugurlar boýunça sowallar berlip her sowala dogry jogap beren diňleýjileriň ählisi Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Hünär tehniki okuw mekdebiniň 1,5 ýyl okuwynda öz saýlan islendik hünärinde okamaga hukuk gazanar. Okuwy tamamlan her bir talyba Döwlet nusgasynda diplom berilýär. Bäsleşige islendik adam islendik ýerden ýaýlymda aýdyljak gysga belgä öz jogaplaryny ýollap gatnaşyp bilerler.
Mähriban ildeşler, häzirki wagtda Türkmenistanyň Telewideniýe radiogepleşikler we kinomatografiýa baradaky döwlet komitetiniň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasynyň gurnamagynda “Iň gowy radio gepleşik” bäsleşigini yglan etdi. Bu bäsleşigiň sanawynda indi ençeme wagt bäri diňleýjileň söýgüsini gazanan “Owazdan sowal” sowal-jogaply bäsleşikli gepleşik hem bar. Eger-de “Owazdan sowal” gepleşigine ses berip goldamak isleseňiz 0530 gysga belgä 24 san belgini ýazyp sms ýollap ses berip goldap bilersiňiz.
Ses bermegiň netijelerini https://turkmentv.gov.tm/vote/21 saýtyndan yzarlap bilersiňiz.
Awgust aýynyň her çarşenbe gününde sowgatly günleri duşyňyzdan geçirmäň, bäsleşige gatnaşyň, ýeňiji boluň, sowgatlardan paýly boluň!