1519-njy ýylyň 15-nji awgustynda Panama şäheri (resmi: Nuestra-Senýora-de-la-Asunsýon-de-Panama, ispança: Nuestra Señora de la Asunción de Panamá, gysgaça: Panamá, Ciudad de Panamá) esaslandyrylýar. Häzirki wagtda Ýuwaş ummanynyň kenaryndaky Panamanyň paýtagty bolan şäheri ispan serkerdesi Pedro Arias de Awila (Pedrarias Dawila) esaslandyrýar. Awila Täze Dünýädäki ilkinji uly ispan ekspedisiýasyna ýolbaşçylyk etdi. Ol bu ýerde Panamanyň (1514–1526) we Nikaraguanyň (1527–1531) gubernatory wezipelerinde işleýär.
Häzirki wagtda 1 milliondan gowrak ilaty bolan şäher adybir kanalyň Ýuwaş ummany tarapyndan girelgesinde ýerleşýär. Şäheriň ýakasy hem köp ilatly bolup, ýurduň esasy ykdysady merkezini emele getirýär. Ösen şäherde iki şahaly metro ulgamy bolup, häzirki wagtda üçünji şahasynyň gurluşygy dowam edýär.