Panama kanaly Ýer ýüzünde gurlan iň möhüm we çylşyrymly taslamalaryň biridir. Taslamanyň esasy maksady, söwda gämileriniň Ýuwaş we Atlantik ummanlarynyň arasyndaky aralygy azaldyp, wagty tygşytlamak we ýük gatnawy üçin edilýän çykdajyny azaltmakdan ybaratdyr. Uzynlygy 82 kilometre barabar bolan taslamanyň gurluşygyna 1881-nji ýylda başlanýar. Emma Ýuwaş we Anlantik ummanlarynyň suw derejesiniň tapawutly bolmagy, kanalyň gurulýan ýerleriniň relýefi käbir kynçylyklary döredýär. Netijede, garaşylandan has köp çykdajy edilýär. Şeýlelikde fransiýaly Ferdinand Lessepsiň ýolbaşçylyk edýän taslamasynyň gurluşygy togtadylýar. Taslamany dowam etdirmegi 1904-nji ýylda ABŞ öz üstüne alýar. On ýyldan soňra, 1914-nji ýylda kanaldan ilkinji gämi geçýär. Şol ýyl bu suw geçelgesinden 1000 gämi geçen bolsa, bu görkeziji 2008-nji ýylda 14 müňe ýetýär. Gämiler kanaldan 12 sagatdan az wagtda geçýärler.